Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1154225
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Trampyň körekeni we kömekçisi Žared Kuşner Ankarada” söz başly habarynda Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň körekeni we kömekçisi Žared Kuşner bilen paýtagt Ankarada geçiren duşuşygy barada beren beýanatynda: “Kuşner bilen ikiçäk duşuşygymyzda ýurtlarymyzyn arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdyk” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ykdysady ynam indeksi ýokarlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabar guramasynyň fewral aýyna degişli ykdysady ynam indeksini çap edendigine ünsleri çekýär. Gazet ynam indeksinin 1,2 göterim ýokarlap, 78,5 göterimden 79,4 göterime deň bolandygyny, ýokarlamanyň önümçilik senagaty we hyzmatdaşlar pudaklaryndaky ýokarlama laýyklykda amala aşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýeden Russiýa bir aýda edilen limon eksporty 10 million dollara barabar boldy” söz başyly habarynda, Türkiýeden Russiýa ýanwar aýynda 18,06 tonna limon eksport edilip, 10,17 million dollar girdeji alynandygyny ýazýar. Habarda şol mukdaryň geçen ýyl 13,06 tonna limon we 8,9 million dollara barabar bolandygy ýatladylýar.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň dynç alyş maksatly ilkinji biologik köli gurlar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň dynç alyş maksatly ilkinji biologik kölüniň Erzurumyň Aziziýe etrabynda guruljakdygyny mälim edýär. Gazet ýurduň ykdysadyýetine we syýahatçylyk pudagyna goşant goşjak desganyň 670 müň inedördül metr meýdana eýe boljakdygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Dünýäniň iň gowy 25 myhmanhanasy kesgitlendi, Türkiýeden 2 myhmanhana sanawda” söz başyly habarynda, Myhmanhana we restoran seljeriş saýty “TripAdwisoryň” syýahatçylaryň sesleri bilen kesgitlenýän “Trawelers Çois 2019” sanawyny çap edendigini nygtaýar. Habarda “Trawelers Çois 2019” sanawynda dünýäniň iň gowy 25 myhmanhanasynyň sanawynda Türkiýeden Stambul şäherinden we Kappadokiýadan 1 myhmanhananyň bardygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

 



Degişli Habarlar