Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1109213
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Türkiýeden 64 ýurda balyk eksporty” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň aralygynda 47,267  tonna balyk eksport edilip, 222,390,102 dollar girdeji alynandygyny malim edýär. Gazet geçen ýylyň degişli döwründe 37,934 tonna balyk eksportyndan 204,164,31 dollar girdeji gazanylandygyny, degişli döwürde eksportda 2017-nji ýyla görä mukdar taýdan 25 göterim, gymmatlyk taýdan bolsa 9 göterim ösüş edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda bellenen döwürde Türkiýeden 64 ýurda edilen balyk eksportynda 36,2 million dollar bilen Gollandiýa birinji orny eýelän bolsa, 24,2 million dollar bilen İtaliýa ikinji orny, 21,02 million dollar bilen Russiýa üçünji orny eýeländigi ýazylýar.

Sabah gazedi: “Germaniýanyň paket tur bazarynyň lideri Antalýa” söz başyly habarynda, Antalýanyň noýabr aýynda hem Germaniýa paket tur bazarynyň lideri bolandygyny nygtaýar. Gazet Ortaýer deňiz turistik myhmanhanalar we dolandyryjylar bileleşiginden (AKTOB) berilen beýanatda, Germaniýanyň rezerwasiýa ýerine ýetirijisi Traveltainment tarapyndan taýarlanan görkezijileriň gözden geçirilendigi habar berilýär. Şoňa laýyklykda nemes halkynyň rezewasiýalary Türkiýä gönügen bolsa, Ispaniýa we Gresiýa bolan talaplarda peseliş bar.

Haber Türk gazedi: “Baýraktar Harby-deňiz güýçleri üçin uçmaga başlady” söz başyly habarynda, "Bayraktar TB2" kysymly uçarmansyz howa ulagynyň Harby-deňiz güýçleri üçin uçmaga başlandygyny beýan edýär. Gazet Harby-deňiz güýçlerine degişli Çanakgala howa menzilinden ýokary galan Bayraktar TB2-niň, sebitdäki ilkinji wezipesine çykandygyny aýan etdi. Baýkar Maşyn tehniki müdüri Selçuk Baýraktar, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: “Harby-deňiz güýçlerimiziň Bayraktar TB2 kysymly uçarmansyz howa ulagy Çanakgalada wezipä başlady, ilkinji gezek uçdy we gondy” diýip habar berdi.

Star gazedi: “Türkiýäniň täze radary guş uçurtmaz” söz başyly habarynda, Türkiýe dünýäde birnäçe ýurdyň eýe bolan ýokary tehnologiýaly radar özgertme we öndürme mümkinçiligine eýe boljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Köp maksatly fazaly indekslenen radar Faz-1 taslamasynyň soňky ädimi bolan atyş synaglary üstünlikli ýagdaýda tamamlandy.

Watan gazedi: “Fenerbahçeniň we Galatasaraýyň UEFA Ýewropa ligasyndaky garşydaşlary” söz başyly habarynda, UEFA Ýewropa ligasynda bije çekişligiň bolandygyny mälim edýär. Bije çekişlik Şweýsariýanyň Nýon şäherinde boldy. Türkiýäniň ligadaky wekilleri Fenerbahçe Zenit bilen, Galatasaraý bolsa Benfika bilen bäsleşer.



Degişli Habarlar