Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1065100
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Star” gazeti “Dury sowut bilen goranyş senagatynda 560 million dollarlyk başlangyç” söz başyly habarynda, magdandan dürli-düdürli önüm öndürme ukyby bolan “Eti Alliýumin” fabriginiň ABŞ, Hytaý, Germaniýa we Wengriýa ýaly belli ýurtlardan öndürilýän Dury sowudy Türkiýede öndürmäge başlandygyny ýazýar. Gazet türk inženerleri tarapyndan dizaýn edilip, öndürilen harby gämilerde, uçarlarda, sowutly ulaglarda we raketalarda peýdalanylýan özboluşly alliýumin işleğini kaganatlandyrjakdygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýede 100 million dollarlyk maýa goýum” söz başyly habarynda, polat howalandyryjylary we köpri öndürýän şweýsar firmasynyň Türkiýäniň, Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň bazarlarynda nazarda tutýan 100 million dollarlyk iş mukdarynyň önümçiligini dolulygyna Türkiýede amala aşyrjakdygyna ünsleri çekýär. Habarda 30 ýyldan gowrak wagt bäri Ýewropada iş alyp barýan we 10-dan gowrak ýurtda önüm öndürýän “WiaKon” firmasynyň Türkiýede sebitleýin merkezini açjakdygy mälim edilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Arap syýahatçylary Trabzonyň ykdysadyýetine uly goşant goşýar” söz başyly habarynda, Trabzon Söwda we Senagat Birleşmesiniň geçiren sowalnamasynda Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň ortaça 7 gün dynç alyp, ortaça 2,340 dollar harajat edýändiklerini kesgitländigini ýazýar. Gazet birleşmäniň işgärleri tarapyndan Trabzonyň howa menziliniň Halkara terminalynda sentýabr aýynda syýahatçylardan pikir soraýyş sowalnamasyny geçirendigini, sowalnamanyň netijesinde syýahatçylaryň 81,5 göteriminiň iňňän hoşaldygyny, 16,9 göteriminiň bolsa hoşaldygyny beýan edendiklerini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Dünýä ýyldyzlary tarapyndan uly isleg bildirilýän “Kludbreak” Bodrumda” söz başyly habarynda, Jennifer Lopez, Heidi Klum, Juliýa Roberts ýaly dünýä belli ýyldyzyň isleg bildirýän ýahtasy bolan “Kludbreakyň” Mugla welaýatynyň syýahatçylyk jennedi Bodruma gelendigini mälim edýär. Gazet ýahtadan uçan dik uçaryň ýygy-ýygydan etrabyň üstünde uçandygyny, ýahtanyň 1 hepdelik töleginiň 1,1 million dollara barabardygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Haber Türk” gazeti “Jengiz Ündere isleg ýokary” söz başyly habarynda, İtaliýanyň Rim klubynda oýnaýan milli futbolçy Jengiz Ünderiň Germaniýanyň Bundesligasyndaky başarjaň komandasy Baýern Mýunhen bilen gepleşikler geçirýändigini ýazýar. Gazet “Karriýera Dello Sport” gazetiniň habaryna görä 21 ýaşly Jengiz Ünder bilen hem Baýern Mýunheniň hem-de Borussiýa Dortmund komandasynyň ýakyndan gyzyklanýandygyny ýazandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar