Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

931026
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan Merkeli gutlady” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, özara gatnaşyklar we Türkiýe-ÝB gatnaşyklary hem-de sebitleýin meseleler barada pikir alyşandygyny ýazýar. Gazet Prezident Erdoganyň Germaniýada federal hökümetiň iş başlamagy we kansler wezipesine ýaňadandan başlamagy mynasybetli Merkeli gutlandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Prezident Erdogan “Ýylyň Döwlet Adamsy” baýragy berildi” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Sapredijiler Jemgyýetiniň Prezident R.T.Erdogany “Ýylyň Döwlet Adamsy we Adam Hukuklarynyň Abraýly Baýragyna” laýyk görendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda DKTR-nyň “2018-nji ýyldaky İşewür Adamlary Baýraklarynyň” we “2018-nji ýyldaky Metbugat Baýraklarynyň” Lefkoşanyň Atatürk adyndaky Medeniýet merkezinde guralan dabara bilen gowşurylandygy, DKTR-nyň Sarpedijiler jemgyýetiniň başlygy Hasan Ýylmaz Yşygyň dabarada sözlän sözünde Prezident Erdogany “Ýylyň Döwlet Adamsy we Adam Hukuklarynyň Abraýly Baýragyna” laýyk görendiklerini aýdandygy nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti “Ýyldyrym BMG-ni özgerlişige çagyrdy” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirilen “6-njy Global Bakuw Forumynda” sözlän sözünde BMG-niň global meseleleri çözüp bilmeýändigini nygtap: “BMG-de bäsleşige däl, mesele çözmäge esaslanýan özgertmeleriň edilmeginiň hökmanlygy äşgär. Bir tarapda adamlar ölýär, himiki gazlar ulanylýar, emme BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşi ýurtlaryň birek-birek bilen bäsleşik ugrunda gumanitar pajyganyň öňüni alyp bilmeýär” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Çelik ÝP-ne berk reaksiýa: Terrora açyk goldaw berýäňiz” söz başyly habarynda, ÝB ministri Ömer Çeligiň Ýewropa Parlamentiniň Türkiýäniň Afrinden çekilmegi baradaky çagyryşyna reaksiýa bildirip, “Afrinden çyk” diýilýän çagyryşyň terrora garşy göreşme manysyny aňladýandygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet ministr Çeligiň: “Türkiýe PKK-nyň hüjümine sezewar bolandan tas 15-20 ýyl soň ÝB PKK-ny gün tertibine girizdi. Ýarlygy näme bolsa bolsun, PÝD/ÝPG terror guramasy we şol gurama PKK-a deňdir” diýen sözlerine ünsleri çekýär.  

“Watan” gazeti “Türkiýe-Azerbaýjan-Gürjistan-Eýran ylalaşdy: Täze tranzit geçelgesi açylar” söz başyly habarynda, Bakuwda geçirilen Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gürjistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň dört taraplaýyn maslahatynda Reşt-Astara demir ýolunyň Baku-Tibilisi-Kars demir ýoluna birikdirilmegi hem-de Eýranyň Çabahar we Bender Abbas portlaryndan başlap, Hindi okeanyny Ýewropa birikdirjek täze tranzit geçelgesiniň döredilmegine karar berilendigini ýazýar.



Degişli Habarlar