Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

920779
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “PKK/PÝD-ÝPG Afrine çekildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Alžirde metbugat işgärlerine beýanat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG we DAIŞ tarapyndan basylyp alynan Siriýanyň Afrin sebitinde 540 inedördül kilometrlik ýeriň terrorçylardan saplanandygyna ünsleri çeken Erdoganyň: “PÝD/ÝPG ol ýere çekildi. Kyn ýer geçildi, aňsat ýerine ýetip barýarys. Olaryň daşy ýarymaý ýaly gabaldy. Indi serhedimize biynjalyk berjek şertler, umuman alynanda ortadan aýryldy. Bu bolsa goşunymyzyň işini has hem aňsatlaşdyrar” diýendigini belleýär.

Sabah gazzadi: “ÝPG-çaga ganhory” söz başyly habarynda, Siriýanyň Afrin sebitinde Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen çüňke gabalan ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň asuda ilaty janly galkan hökmünde ulanyp, özlerine goldaw bermeýän adamlary bolsa wagşylarça öldürýändigini habar berýär. Gazet ýerli çeşmeleriň Azat Siriýa goşuny we Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan tassyklanan habarnamasyna görä guramanyň türk esgerler tarapyndan saplanan biri etrapça merkezi, 75 sanysy oba, 6 sany ilatly zolakda ýaşlar 7 bilen 13 aralygynda üýtgeýän 211 çagany öldürendigini, özlerine goldaw bermeýän aralarynda zenanlar we ýaşuly adamlar bolan asuda ilatdan bolsa 417 adamy gyrandygyny nygtaýar.

Star gazedi: “DKTR-den  ÝB-e duýduryş” söz başyly habarynda, DKTR-nyň Daşary işler ministrliginiň Kipriň türk bölegini we Türkiýäni diňlemän, gözi ýapyk ýagdaýda, adanyň Grek bölegine berýän goldawy bilen ÝB-niň Kiprdäki türk halkynyň gözüniň öňünde özüne berilýän abraýyny has hem azaldandygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarda ministrlik tarapyndan berilen beýanatda ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tuskyň Türkiýäniň Ortaýer deňiziniň gündogaryndaky Kipriň Türk böleginiň razyçylygy bilen dowam edýän barlygyny we işlerini duruzmak baradaky çagyryşynyň sebitiň hakykatlaryna we halkara hukuga bap gelmeýändigini ýazylandygy beýan edilýär.

Watan gazedi: “Türk syýahatçylygy üçin ajaýyp habar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Syýahatçylyk pudagynyň 2018-nji ýyla tiz girendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ýanwar aýynda syýahatçylaryň sanynyň 1,5 milliona golaýlandygyny we ähli wagtlaryň rekordynyň goýulandygyny belleýär. Habarda Germaniýadan bildirilýän talaplaryň 2 esse köpelendigini, myhmanhanalaryň dolulyk derejesiniň 28 göterime, girdejileriniň bolsa 10 göterim artandygy nygtalýar. Gazet 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda 1 million 55 müň 474 bolan syýahatçy sanynyň, 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda 38 göterim artandygyna ünsi çekýär. Habarda ýanwar aýynda Stambul şäheriniň 831 müň syýahatçysy bilen Türkiýäniň iň köp syýahatçy çeken şäheri bolandygy, Germaniýadan gelen syýahatçylaryň sanynyň 10 göterim, Russiýadan gelen syýahatçylaryň sanynyň bolsa 70 göterim artandygy aýan edilýär.  

Haber Türk gazedi: “Türkiýe Çempionlar ligasyna 2 topar bilen gatnaşar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýewropanyň futbol boýunça iň uly ýaryşy bolan Çempionlar ligasyna 2 komandasy bilen gatnaşjakdygyny nygtaýar.


Etiketkalar: #metbugat , #DAIŞ , #serhet , #Afrin , #ÝPG , #çaga

Degişli Habarlar