Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

873677
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Sabah” gazeti “Musulman dünýäsinde uly joşgun; Sag bol Erdogan” söz başyly habarynda Türkiýäniň tagallasy netijesinde taýarlanan we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Iýerusalym hakyndaky kararyny tankyt edýän karar taslamasynyň BMG-nyň Baş Assambleýasynda geçirlen sese goýulşykda ABŞ-nyň atan hemlelerine garamazdan 9-a garşy 128 ses bilen kabul edilendigini ýazýar.

Sese goýulşykda 35 ýurt bolsa ses bermekden saklandy.

Prezident R. T. Erdogan Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyna berk garşylyk görkezipdi we dünýä ýurtlarynyň ünsüni Iýerusalime gönükdiripdi.

Dünýäniň ABŞ-nyň abaý-syýasatlaryna we hemlelerine boýun egmeli däldigini aýdan Prezident Erdogan halkara jemgyýetçiligine Iýerusalime goldaw bermekleri üçin çagyryş beripdi.

Düýn agşam BMG-de 128 ýurduň sesi bilen kabul edilen İýerusalime goldaw kararyndan soň musulman dünýäsinde “Sag bol Erdogan” diýlen twitler atyldy.

“Star” gazeti Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň paýtagty Ankarada guramaçylykly senagat zolagynda geçirlen dabarada eden çykyşynda “Türkiýäni gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleri taýdan tehnalogiýa öndürýän we hatda eksport edýän ýurt ýagdaýyna getirilmegini maksat edinýäris” diýendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Gämi turizmine täze goldaw” söz başyly habarynda Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuşyň Türkiýä uly ýolagçy gämileri bilen syýahatçy getirýän A toparyndaky syýahat agentliklerine her bir ýolagçy üçin 30 dollarlyk höweslendiriş kömeginiň berilmeginiň göz öňünde tutulýandygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Muhammed türk raýatlygyna geçmek isleýär” söz başyly habarynda Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuşyň ysraýyly esgerler tarapyndan tussag edilip boşadylan we psihiki bejeri üçin Türkiýä getirlen dawn sindromly palestinaly Muhamed At Tawili we maşgala agzalaryny kabul edendigini habar berýär.

Türkiýede psihiki taýdan bejergi aljak Muhammed Al Tawil Türkiýä gelmekden hoşaldygyny we türk raýatlygyna geçmek isleýändigini aýtdy.

“Haber Türk” gazeti “Ýel energiýasynda Izmir birinji ýerde” söz başyly habarynda Türkiýäniň Ýel energiýasy bileleşiginiň görkezijilerine görä, ýurtda öndürülýän elektrik togynyň 8 göteriminiň ýel energiýasyndan alynýandygyny ýazýar.

Izmir welaýaty 1333 mega wotlyk güýji bilen ýel energiýasy sanawynda welaýatlaryň arasynda birinji orny eýeleýär.



Degişli Habarlar