Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

816766
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Hürriýet” gazeti Prezident R. T. Erdoganyň iş sapary bilen Ankara gelen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Prezidentiň kompleksinde resmi dabara bilen garşylandygyny ýazýar.

Iki lider duşuşykda Yragyň we Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan  duşuşykda “Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň duşenbe güni geçiren bikanun garaşsyzlyk referendumyndan soň başdan geçirilýän bu ynjyk döwürde esasan hem Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň has uly ýalňyşlyk etmeginiň öňüni almalydyrs” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Premýer ministr Ýyldyrym serhetden howp abanan halatynda degişli jogaby bereris diýdi” söz başyly habarynda Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň duşenbe güni geçiren bikanun garaşsyzlyk referendumy hakynda garaýyş beýan eden Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň “Ýurdumyzda serhetlerimiziň çäginde ýada serhetlerimiziň daşynda milli howpsyzlygymyza howp abanan halatynda degişli jogaby bermekde säginmeris” diýendigini habar berýär.

“Star” gazeti “ Terrorçylaryň strategiýalary we taktikalary çökdi” söz başyly habarynda İçeri işler ministri Süleýman Soýlynyň terrora garşy göreş hakynda maglumat berendigini ýazýar.

Ministr Süleýman Soýlu uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan operasiýalaryň güýçli depginde dowam edýändigine we operasiýalarda türk esgeriniň ýitgi çekmändigine aýratyn ünsi çekdi.

Süleýman Soýlu terror guramasynyň hataryna goşulýanlaryň sanynyň soňky 30 ýylyň iň pes derejesine çenli aşaklandygyny we terrora garşy göreşiň netijesinde terrorçylaryň strategiýasynyň we taktikalarynyň çökendigini we terror guramasynda ruhy çökgünligiň başdan geçirilýändigini ýatlatdy.

“Sabah” gazeti “Konýadan taryhy ýeňiş” söz başyly habarynda UEFA Ýewropa ligasynyň Y toparynda Witoria Guimaraes bilen bäsleşen Atiker Konýasport komandasynyň toparynda ilkinji üstünligini gazanandygyny habar berýär.

Atiker Konýasport komandasy bäsdeşi Witoria Guimaraesi 2-1 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş Atiker Konýasport komandasynyň Ýewropadaky ilkinji ýeňişi boldy.



Degişli Habarlar