Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

740096
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “ÝB-ne 3 ýüzlenme” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşyk geçiren ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tuska we ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan Klod Ýunkere anyk ýüzlenmeler berendigini mälim edýär. Gazet Erdoganyň ÝB-ne agza ýurtlaryň resmileri bilen geçiren duşuşygynda Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň ýaňadandan janlandyrylmagynyň möhümdigine ünsleri çekendigini belleýär. Habarda terrora garşy göreşde Ankaranyň ýalňyz goýulandygyny aýdan Erdoganyň terrora garşy göreşde hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegini isländigi nygtaldy. Gazer Erdoganyň şeýle hem Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda 2016-njy ýylyň mart aýynda gazanylan bosgunlar bilen bagly ylalaşygyň durmuşa geçirilmelidigini aýdandygyny beýan edýär.

Watan gazedi: “Türkiýä minnetdardyrys” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň BMG-daky hemişelik wekili Nikki Haleýiň 8063 siriýalynyň galýan Hataý welaýatynyň Altynözü etrabyndaky Boýnuýogun merkezine baryp görendigini habar berýär. Habarda merkeziň ýaşaýyş şertleriniň we mümkinçilikleriniň örän gowudygyny aýdan Halleýiň: “Türkiýäniň siriýaly bosgunlar üçin eden ähli kömeklerine minnetdardyrys, türk halkyna sag bolsun aýdýaryn” diýendigi ýazylýar.

Star gazedi: “Ýerli ulagda ilkinji ädim ädildi” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Ankarada Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiği TOBB-yň 73-nji Umumy geňeşinde işewür adamlara ýüzlenip eden çykyşyna oňyn jogap beren TOBB-yň şol babatda işe girişendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglynyň meýilnamany işläp taýarlamak üçin Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Faruk Özlü bilen duşuşandygyny belleýär. Habarda hususy pudagyň taslamany öz üstüne aljakdygyny aýdan Özlüniň: “Olar bilen ylalaşanymyzdan soň, senesini şol wagt aýtmak has dogry bolar. Emma biziň maksadymyz 2019-njy ýylda ilkinji nusgasyny öndürmek” diýendigine ünsi çekýär.

Sabah gazedi: “Türkiýe maýa goýumlar üçin özüne çekijiligini goraýar” söz başyly habarynda, Türkiýe-Amerikan Işewür adamlar geňeşiniň ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde geçirilendigini mälim edýär. Gazet maslahata gatnaşan işewür adamlaryň umumy pozisiýa, özgertmeler we ýaş ilaty bilen Türkiýäniň maýa goýumlar babatynda özüne çekijiligini goraýandygyny aýdandyklaryny belleýär.

Hürriýet gazedi: “Mariah Kareý Hakan babatynda paýlaşdy” söz başyly habarynda, Britaniýadaky terrorçylykly hüjümde ýogalan 29 ýaşly Martin Hakan Hettiň ejesiniň türkdigi ýüze çykdy. Gazet sosial mediany işjeň ýagdaýda ulanan Hakanyň Facebook sahypasynda dogulan ýeriniň Ankara bolandygy, Mançester şäherinde ýaşaýandygy barada maglumatyň bardygy beýan edilýär.



Degişli Habarlar