Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

669785
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Dost ody” söz başyly habarynda “Baş ştabyň Ýefrat galkany operasiýasynda düýn irden sagat 08.40-da Russiýa degişli harby uçaryň DAİŞ-e guraýan howa hüjüminiň çäginde türk esgerleriniň ýerleşen binasyny ýalňyşlyk bilen nyşana alandygyny mälim etdi” diýip ýazýar.

Gazet Al Babda türk esgerleriniň ýerleşen binasyna düşen bombalar sebäpli 3 esgeriň şehit bolandygyny 1-i agyr 11 esgeriň hem ýaralanandygyny belleýär.

Gazet wakadan soň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Prezident R. T. Erdogana telefon edip gynanç bildirendigini nygtaýar.

“Ýeni Şafak” “Rakkadan öň howpsyz zolak” söz başyly habarynda Türkiýäniň Siriýanyň Rakka şäherine operasiýa guralmagyny isleýän ABŞ-ne öz meýilnamasy bilen jogap berendigini ýazýar.

Gün tertibindäki teklibiň netije bermejekdigini beýan eden Ankara, ilkinji nobatda terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-siz howpsyz zolagyň döredilmegini isleýär.

“Sabah” gazeti “Merkezi razwetka gullugynyň başlygy bilen Rakka meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy” söz başyly habarynda Amerikanyň Merkezi razwetka gullugynyň täze başlygy Maýk Pompeonyň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurandygyny ýazýar.

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp bilen bolan telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň Rakka şäheriniň DAIŞ-den saplanmagy üçin Türkiýäniň anyk meýilnamasyny teklip etdi.

Pompeonyň Türkiýe saparynda hem meýilnama giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jenap Pompeonyň saparynyň çäginde şeýle hem Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň jogapkäri hökmünde yzyna berilmegi meselesi seljerildi.

“Watan” gazeti “Bütindünýä banky maddy goldawa taýar” söz başyly habarynda Bütindünýä bankynyň Trans Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasy TANAP üçin BOTAŞ bilen 400 million dollarlyk karz şertnamasyny baglaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar: #DAIŞ , #esger , #Al bab , #Rakka , #TANAP , #BOTAŞ , #karz

Degişli Habarlar