Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

650718
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Elinde ýarag-bomba bolan bilen dollary bolanyň maksady bir” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň bazarda bolup geçýänleriň Türkiýä garşy bir hüjümdigini aýdandygyny habar berýär. Habarda Erdoganyň Prezident kompleksinde geçirilen Arçynlar maslahatynda eden çykyşynda: “Elinde ýarag-bomba bolan terrorçy bilen elinde dollary, ýewrosy bolan terrorçynyň arasynda tapawut ýok. Maksatlary Türkiýäni dyza çökdürmek, Türkiýäni boýun egdirmek, Tükrkiýäni öňünde goýan maksatlaryndan uzaklaşdyrmak. Kagyzlaryň üsti bilen kurslaryň ýokarlandyrylýandygy aýdyň. Milletimiz 15-nji iýulyň ertesi güni başlan tolkunyň öňüni kesdi. Onuň dowamynyň hem bolmagyny sizden haýyş edýärin” diýendigi bellenýär.

Sabah gazedi: “50 milliard dollarlyk melekler Stambula geler” söz başyly habarynda, dünýäde 50 milliard dollar puly bilen işewür adamlara goldaw berýän Bütindünýä Melek maýa goýum forumynda maýadarlaryň Stambulda jemlenjekdigini mälim edýär. Gazet 13-nji fewralda geçiriljek we takmynan 75 ýurtdan ýüzlerçe işewür adamyň gatnaşmagynda boljak Bütindünýä Melek maýa goýum forumynda türk işewür adamlaryň ady belli maýadarlar bilen tanyşmak pursatlarynyň boljakdygyny nygtaýar. Habarda London Biržasy tarapyndan hemaýatkärlik ediljek maslahatda Pars aýlagy ýurtlardan köp sanda maýadaryň gatnaşjakdygy ýazylýar.

Haber Türk gazeti: “3 otaga 1 raýatlyk” söz başyly habarynda, Türkiýede gozgalmaýan emläk satyn aljak daşary ýurtlylara raýatlyk berilmegi bilen baglanşykly düzgünnamanyň çap edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şoňa laýyklykda 2 million dollar maýa goýan, 1 million dollarlyk öý satyn alan, 100 adam işleýän kärhanasy bolan, bank hasabyna 3 million dollar ýatyran daşary ýurtlylara raýatlyk beriljekdigine ünsi çekýär. Habarda bu şertleri ýerine ýetiren adamlaryň ýoldaşlaryna we çagalaryna hem Türkiýäniň raýatlygy beriljekdigi we saýlawlara gatnaşyp biljekdikleri bellenýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Russiýa bilen howa boýunça ylalaşyk” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Siriýadaky opresiýalarda uçuşyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi we garaşylmadyk wakalaryň bolmazlygy üçin Moskwada özara düşünişmek memorandumyna gol çekişilendigini habar berýär. Gazet Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda memorandumda terrorçylara garşy guralýan howa hüjümlerinde Russiýanyň Harby howa we Kosmos güýçleri bilen Türkiýäniň Harby howa güýçlerine degişli uçarlaryň uçuş howpsyzlygy üçin koordinasiýanyň we hyzmatdaşlygyň mehanizmalarynyň kesgitlenendigini aýdandygyny nygtaýar.

Hürriýet gazedi: “Dokumental filmjiler 9-njy gezek bäsleşýär” söz başyly habarynda, TRT tarapyndan 9-njy gezek geçiriljek TRT Dokumental filmler ýaryşyna resminamalaryň berilşikleriniň başlandygyny mälim edýär. Gazet 3-nji fewrala çenli dowam etjek ýüz tutmalaryň netijeleriniň 27-nji ýanwarda mälim ediljekdigini beýan edýär. Gazet finala çykan filmleriň 11-14-nji maý aralygynda halka açyk we mugt ýagdaýda görkeziljekdigine we 15-nji maýda geçiriljek dabara bilen ýeňijä sylaglaryň beriljekdigine ünsi çekýär. Habarda bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň www.trtbelgesel.com internet saýtyndan doly maglumat alyp biljekdigi ýazylýar.



Degişli Habarlar