Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.09.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

566154
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.09.2016

“Hürriýet” gazeti “Möhüm gepleşik” söz başyly habarynda, Prezident Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Obamanyň Hytaýda geçiren duşuşygynda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde Siriýanyň demirgazygynyň terrordan saplanmagy üçin başladylan “Ýefrat galkany” operasiýasynyň gün tertibine gelendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň, “Munbiçdäki PÝD-liler çekildi, diňe Siriýanyň Demokratik Güýçleri atly toparyň arap güýçleri galdy” diýen Obama “Terror guramasy PÝD çekilen bolsa Azat Siriýa Goşunyna degişli güýçleri Munbiçe çaknyşman girer” diýmegi aňladýar” diýip jogap berendigini okyjy köpçüliginiň dykgaytna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Pekin bilen London ýokary tizlikde birleşer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Pekinden Londona çenli üznüksiz otly gatnawy üçin gol goýandygyna ünsleri çekýar. Habarda şol maksada laýyklykda gazanylan Aşgabat jarnamasyna gol goýan Ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslanyň Marmaraý we Ýawuz Sultan Selim köprüsiniň Demir Ýüpek Ýoly ýaly halkara gatnaw maksatlarynyň esasy bölegine öwrülendigini aýdandygy mälim edilýär. Gazet Pekinden Londona çenli üznüksiz gatnaw ýoluny döretmek üçin gol goýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Ulag serişdeleri ministri Maksat Aýdogdyýewiň we Azerbaýjanyň Transport ministriniň orunbasary Arif Askerowyň hem bardygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Mukaddes topaklarda hem gussa hem şatlyk” söz başyly habarynda, Fetullagçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda şehit bolanlaryň hossarlarynyň haj parazasyny berjaý etmek üçin mukaddes topraklara barandygyny mälim edýär. Habarda Din işleri guramasynyň işgärleri tarapyndan Aziziýe şäherinde gül desseleri we zemzem suwy bilen garşy alynan şehitleriň hossarlarynyň boljak myhmanhanalaryna ýerleşdirilendigi nygtalýar.

“Sabah” gazeti “Golliwudyň ýyldyzlarynyň “Milli ygtyýar” kadry” söz başyly habarynda, Golliwudyň meşhur iki artisti Jessika Alba bilen Jason Stathamyň Türk Howa Ýollarynyň aýlyk “Skaýlaýf” žurnalynyň awgust aýyndaky sanynda “Milli ygtyýaryň ýeňişi” atly sany üçin surat aldyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet žurnalyň sentýabr aýyndaky sanynda “Kast etmek” atly filmiň artistleri Jessika Alba bilen Jason Stathamyň interwýularynyň çap edilendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Osman döwletiniň leýtenanty” atly filmiň birnäçe hepdäniň dowamynda görkezilmäge başlanjakdygyny mälim edýär. Habarda 1-nji Jahan urşunda Gündogar Anadolyda başdan geçirilenleri amerikaly şepagat uýasynyň ýatlamaryna görä beýan edýän “Osman döwletiniň leýtenanty” atly filmiň işleriniň doly tamamlanandygy, şu ýyl ýylyň dowamynda görkezilmäge başlanjak filmde dünýä meşhur artistleriň oýnandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.



Degişli Habarlar