Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.06.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

512194
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.06.2016

Ýeni Şafak gazeti: “Ýüzlenme ýerine bardy: 2 ýurt hem isleýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň howa giňişligini bozan rus uçarynyň urulyp ýere gaçyrylmagy bilen çykgynsyz ýagdaýa giren Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň ýaňadandan kadalaşmaga başlandygyny mälim edýär. Gazet Prezident. R.T. Erdoganyň 12-nji iýunda Russiýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putine iberen hatyndan tiz wagtda jogap gelendigini belleýär. Gazet Kremlden düýn berilen beýanatda: “Türkiýe bilen gatnaşyklary ýaňadandan kadalaşdyrmak isleýäris” diýen jogabyň gelenedigini, mundan başgada Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly Baş ilsisi Andreý Karlowyň düýn Prezident Erdogan bilen bilelikde agzaçara gatnaşandygyny nygtaýar.

Watan gazeti: “Biz azyk harytlaryň bahalary boýunça Ýewropada iň amatly ýurtlaryň biri” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň Satyn almak güýjiniň paritediniň 2015-nji ýyldaky netijelerini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet netijä görä aralarynda ÝB-ne agza ýurtlar hem bolan Ýewropanyň 37 ýurdy özara deňeşdirileninde azyk harytlarynyň we alkogolsyz içgileriň bahalarynyň derejeleriniň indeksiniň iň ýokary bolan ýurdunyň 173 bilen Şweýsariýanyň, iň pesiniň bolsa 58 bilen Makedoniýadygyny beýan edýär. Gazet Türkiýäniň bahanyň derejesiniň indeksi 90-a deň bolup, şol ýurtlaryň arasynda 23-nji orundadygyna ünsi çekýär.

Haber Türk gazeti: “Daşary ýurtlara bolan garaşlylygy magdan känleri azaldar” söz başyly habarynda, Kütahýa welaýatynda lignit kömür känine baryp gören Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň: “Lignit känleri ýurdumyzyň galkynmagy, milletimiziň bagtyýarlygy üçin işleýän doganlarymyzyň saýasynda aýdyň we işjeň bolmaga başlady. Daşary ýurtlara bolan garaşlylygymyzy azaltmak üçin bu pudaklara goldaw bermelidigi barada karara geldik. Şeýdip biz hem iş orunlaryny köpelderis hem-de energetikanyň howpsyzlygyny kepillik astyna alarys” diýendigini ýazýar.

Hürriýet gazeti: “Obama Trampa ýüzlendi: Musulmanlary gözegçilik astynamy alalyň” söz başyly habarynda, Amerikanyň Orlando şäherinde Omar Metin atly amerikaly musulman raýatyň geý barlaryň birinde 49 adamy öldürmeginden soň Respublikan partiýasynyň başlygy Donald Trampyň ähli musulmanlara garşy diskriminasion gollanmanyň durmuşa geçirilmegi baradaky sözlerine ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamadan berk reaksiýa gelendigini habar berýär.

Sabah gazeti: “Fransiýa dartgynly bolmagynda galýar” söz başyly habarynda, Türkiýedäki protestleri azatlyk hökmünde häsýetlendiren Fransiýanyň indi bolsa öz ýurdunda protestlere we demonstrasiýalara gadagançylyk getirmäge synanyşýandygyny mälim edýär. Gazet Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollandyň iş kanuny taslamasyna garşy geçirilýän protestlerde adamlary we döwlet emlägini goramaga kepillik getirilmedigi halatynda protestlere rugsat bermejekdiklerini aýdandygyny belleýär.



Degişli Habarlar