Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

462009
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.03.2016

“Watan" gazeti: “Anna güni Sura barar" söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň anna güni Diýarbakyra gitjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Dawutoglynyň Sur etrabyndaky operasiýaaryň tamamlanmagyndan soň sebite gitjekdigini we etrabyň soňky ýagdaýy barada ýolbaşçylardan maglumat aljakdygyny belleýär. Habarda ýerli ýolbaşçylaryň Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna etrabyň abtalaýyş işleri, reabilitasiýa etaby we ediljek işler barada gürrüň berjekdigi nygtalýar.

“Hürriýet" gazeti: “Iň tiz giýje" söz başyly habarynda, ykjam telefonlardaky internetiň tizliginde täze döwri açan 4,5 G-niň şu gün giýje sagat 01:00-dan başlap Türkiýedäki abunalara ulanylmaga berilmäge başlanjakdygyny mälim edýär. Gazet ykjam telefonlarda we planşetlarda internediň bu günki güne çenli ulanylan 3 G-e garanyňda 4,5 G-niň azyndan 10 esse tiz işlejekdigine ünsi çekýär.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Taýar egin-eşikde rekord derejä tarap" söz başyly habarynda, taýar egin-eşikde Türkiýä bildirilýän talabyň gün saýyn artýandygyny habar berýär. Gazet pudagyň wekilleriniň taýar egin-eşikde eksportyň 8-9 göterim, içerki bazarda bolsa 5-6 göterim ösüş boljakdygyny çak edýändiklerini beýan edýär. Habarda pudagyň wekilleriniň 2016-njy ýylda 17,5 milliard dollarlyk eksport etmegi maksat edinýändiklerini aýdandygy ýazylýar. Gazet sebitleýin foktorlaryň gowylaşmagy bilen eksportyň 20 milliard dollardan hem geçmegine garaşylýandygyny belleýär.

“Haber Türk" gazeti: “Alaçatyda reňkli festiwal" söz başyly habarynda, dünýäniň tanymal syýahatçylyk zolagyna öwrülen Alaçatyda özi ýaly reňkli festiwalyň geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “VII Alaçaty ot festiwalynyň" 7-10-njy aprel aralygynda geçiriljekdigini nygtaýar. Gazet Çeşme etrap häkimliginiň guramagynda geçirilýän festiwala ähli adamlaryň gatnaşmaga çagyrylýandygyny beýan edýär. Habarda festiwalda her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem biri-birinden gyzykly ençeme çäreleriň geçiriljekdigi aýdylýar.

“Sabah" gazeti: “Ýeşim Ustaoglynyň filmleri Italiýada" söz başyly habarynda, Italiýanyň Florensiýa şäherinde geçirilýän "Middle East Now" film festiwalynyň “Retrospektiw" bölüminiň türk režissýor Ýeşim Ustaoglynyň filmlerine aýryljakdygyny mälim edýär. Gazet 6-njy gezek guralýan festiwalyň 5-10-njy aprel aralygynda geçiriljekdigini habar berýär. Habarda Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň kinomotografiýasynyň iň gowy filmleriniň görkeziljek festiwalda Ustaoglynyň 4 filminiň görkeziljekdigi ýazylýar.



Degişli Habarlar