Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

455093
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.03.2016

“Watan" gazeti: “ÝB terror guramasy PKK-a garşy embargolaryny artdyrar" söz başyly habarynda, Türkiýe-ÝB ýokary derejeli maslahatynda baglaşylan ylalaşykdan soň, Ýewropa ýurtlarynyň PKK-a garşy goýan embargolaryny artdyrmagynyň ähtimaldygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet hünärmenleriň guramanyň ÝB-de güýjini ýitirjekdigini, ÝB-ne agza ýurtlaryň PKK-a garşy goýan embargolaryny has hem artyrjakdygyny aýdandyklaryny belleýär. Habarda Ankarada guralan iki kamikaze hüjüminiň PKK-nyň goly bolan TAK-yň öz üstüne almagynyň guramanyň ÝB-däki hereketlerini bundan beýläk edip bilmejekdigi hünärmenler tarapyndan aýdylýar.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Milli tüpeňe ABŞ-dan hem talap" söz başyly habarynda, goranmak senagatynda uly öňe gidişlikler edýän Türkiýäniň indi bolsa milli MPT-76 tüpeňine ABŞ, Çili, Azerbaýjan ýaly ýurtlardan talap artýandygyny mälim edýär. Gazet 42 aýry synagdan geçip bilen MPT-76 tüpeňiniň dünýäde ol synaglardan geçip bilen ýeke-täk tüpeňdigini belleýär. Habarda tüpeňiň ilki bilen Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň çäginde ulanylmagynyň pikir edilýändigi ýazylýar. Gazet Türkiýäniň milli MPT-75 tüpeňiniň halkara sergilerde-de ünlseri özüne çekýändigini beýan edýär.

“Star" gazeti: “Filinta sylaglary gapyp aldy" söz başyly habarynda, 19-njy mart Bütindünýä sarp edijiler gününiň çäginde “Ýewraziýa Sarp edijileri goramak" jemgyýeti tarapyndan guralan “2016 Ýewraziýa hil sylaglary" dabarasynyň geçen hepdäniň şenbe güni Güngören Kale merkezde geçirilendigini habar berýär. Gazet şol gün mynasybetli her ýyl azyk senagat pudagynyň tanymal firmalaryna, telewideniýe programmalaryna, alyp baryjylara, seriýallara, aktýorlara we sungat işgärlerine sylaglaryň berilýändigini, dabarada ES filmi tarapyndan taýarlanýan TRT-niň iň köp gowy görülýän “Filinta Müň ýylyň şapagynda" seriýalynyň “Ýylyň iň gowy seriýaly" we “Ýylyň iň gowy erkek aktýory" kategoriýalarynda iki sylaga mynasyp görülendigini nygtaýar.

“Habertürk" gazeti: “Türk taryh guramasy ermeni meselesi barada ansiklopediýa taýarlaýar" söz başyly habarynda, Türk taryh guramasynyň ermeni meselesi bilen baglanşykly Türkiýede we dünýäniň beýleki ýurtlarynda ýazylan ähli makalalary ýygnap ansiklopediýa taýarlajakdygyny we şol kitaplaryň uniwersitetlere, kitaphanalara we daşary ýurtlardaky beýleki bilim guramalaryna ugratjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet TTG-nyň başlygy Refik Turanyň: “Ermeni meselesi bilen baglanşykly häzirki wagta çenli ýazylan makalalar kitap görnüşine öwrüreris. Bular hiç kimiň garşy bolup bilmejek taryhy hakykat" diýendigine ünsi çekýär.

“Sabah" gazeti: “Howuzda 26 ýyllyk rekord" söz başyly habarynda, ýaş ýüzüji Ýigit Aslanyň ýüzmekde Türkiýäniň 26 ýyllyk rekordyny goýandygyny mälim edýär. Gazet Italiýanyň Milan şäherinde 18-20-nji mart aralygynda geçirilen ýaryşa gatnaşan Ýigit Aslanyň 200 metr erkin ýüzmek kategoriýasynda Derýa Büýükunjunyň 1990-njy ýylda 2:03.86 dereje bilen goýan rekordyny täzeländigini nygtaýar. Habarda Aslanyň Türkiýäniň täze rokordyny 2:01.85 dereje bilen goýandygy ýazylýar.



Degişli Habarlar