Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

452605
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

“Hürriýet" gazeti “Haýp size" söz başyly habarynda, Halklaryň demokratik partiýasynyň halk deputaty Tugba Hezerin 17-nji fewralda Ankarada 29 adamyň pida bolmagyna, 61 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hyýanatçylykly hüjümi guranyň öýüne duýgudaşlyk bildirmek üçin barmagyna görkezilýän reaksiýalar dowam edýärkä, şol partiýanyň halk deputaty Mehmet Ali Aslan bilen Besime Konjanyň Diýarbakyr welaýatynyň Sur etrabynda howpsyzlyk güýçleri bilen çaknyşan terrorçynyň Batmandaky namazyna gatnaşyp: “Biz hem şonuň ýolunda" diýendiklerini ýazýar. Gazet Halklaryň demokratik partiýasynyň iki halk deputatynyň terrorçylaryň jynaza namazynda terrorçylyk barada öwgüli sözler aýtmagynyň uly garşylyk döredendigini mälim edýär.

“Sabah" gazeti “PÝD-niň ganhor topary ýok edildi" söz başyly habarynda, Diýarbakyr welaýatynyň Sur etrabynda tamamlanan operasiýadan son alynyp barylan derňew işlerinde PKK-PÝD-niň hyzmatdaşlyk edýändigi baradaky täze maglumatlaryň tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda öldürilen 301 terrorçydan 27-siniň Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän PÝD-niň ganhyr toparyna degişlidiginiň anyklanandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Ýeni Şafak" gazeti “Putin Asadyň üstüni çyzdy" söz başyly habarynda, britaniýada çap edilýän “İndependent" gazetiniň günbatarly diplomatlara esaslandyrýan habarynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Siriýanyň Prezidenti Başar Asady hasapdan çykarandygyny ýazandygyny mälim edýär. Gazet Russiýanyň siriýadaky harby güýçlerinin bir bölegini yza çekmäge başlamagy barada köp sanly analiziň berilýändigini, günbatarly diplomatlaryň Russiýanyň lideri Putniň Siriýanyň Prezidenti Asad baradaky garaýyşyny üýtgedendigini çaklaýandyklaryny aýdýandygyny ýazýar. “BBC-niň" türkçe redaksiýasyndan berilen habarda Putiniň garaşylmadyk karar bilen ýurdunyň Siriýadaky missiýasyny üstünlik bilen tamamlandygyny habar berendigi ýatladylýar.

“Star" gazeti “Türk mebel öndürijileri Hytaýda uly sergä gatnaşarlar" söz başyly habarynda, Hytaýda guralýan we dünýäniň iň uly sergisi hökmünde kabul edilýän Halkara Mebel sergisine türk mebel öndürijileriniň ýokary derejede gatnaşjakdygyny mälim edýär. Gazet sergide Türkiýeden barjak mebel öndürijileriniň 4 müň inedördül metr meýdanda müşderileri kabul etjekdigini ýazýar.

“Haber Türk" gazeti “Hubbleden 300 esse güýçli" söz başyl habarynda, Hytaýyň ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos edarasy NASA-nyň Hubble teleskopyna görä 300 esse güýçli teleskop öndürmegi meýilleşdirýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar