Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

444460
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.03.2016

“Hürriýet" gazeti: “Zigetwar minarasy düşünişmezçiligi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň 6-7-nji sentýabrda Wenegriýa gurajak saparyndan ozal Osmanly türkmen döwleti zamanasynda gurulan Zigetwar galasynyň içindäki metjidiň minarasy bilen baglanşykly düşünişmezçiligiň kiçiräk krizise sebäp bolandygyny mälim edýär. Gazet Zigetwar galasynyň içindäki Kanuny Soltan Süelýman metjidiniň minarasynyň uzaldylyp-uzaldylmazlygy baradaky düşünişmezçilikde soňky nokady Wengriýanyň Premýer ministrliginiň Medeniýet boýunça orunbasary Simon Laszlonyň: “Zigetwar galasynyň abatlanmagy hökümediň programasynda bar. Emma galada yslam bilen baglanşykly gurluşyga rugsat bermeýäris we bermeris. Minara uzaldylmaz" diýendigini belleýär.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Bütin dünýäniň ünsi bu sergide" söz başyly habarynda, dünýäniň 3-nji iň uly Demir ýol sergisiniň Stambulda başlandygyny habar berýär. Gazet dabara bilen öz işine başlan Eurasia Rail setgisine 30 ýurtdan 300-den gowrak firmanyň gatnaşýandygyny nygtaýar. Habarda Türkiýäniň soňky ýyllarda demir ýol pudagyna uly maýa goýumlar goýandygy we şol sebäpli sergä 70 ýurtdan 10 müňden gowrak adamyň gelip görmegine garaşylýandygy ýazylýar. Gazet Ýewraziýanyň ýeke-täk demir ýol sergisi bolan VI Halkara demir ýol, Ýeňil relsli ulgamlar, Infratsruktura we logistika sergisiniň 3 gün dowam etjekdigine ünsi çekýär.

“Watan" gazeti: “Taslama türk goly" söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji Halkara oýlap tapma sergisiniň Stambulyň Kongres merkezinde öz işine başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 83 ýurduň gatnaşmagynda geçirilýän sergide iň göze iýlen oýlap tapmalaryň biri hem türk lukman Adem Arybaş tarapyndan oýlanyp tapylan agaç kerpiçler bolandygyny beýan edýär. Habarda dünýäde ilkinji we ýeke-täk epläp bolýan agaç kerpiçleriň kömegi bilen hiç hili gurluşyk materiallaryny ulanmadan we ussa bolmadan hem öý we köp sanda taslama durmuşa geçirip bolýandygy aýdylýar. Gazet lego ýaly biri-biriniň üstünde goýulýan agaç kerpiçler bilen ýasalan öýleriň ýer titremä we gyzgyna çydamly bolýandygyny belleýär.

“Haber Türk" gazeti: “SIÝAD kinemotografiýa sylaglarynda Gabaw filmi" söz başyly habarynda, 48-nji SIÝAD Türkiýe kinemotografiýa sylaglarynyň Şişlidäki medeniýet merkezinde dabara bilen öz eýelerine gowşurylandygyny mälim edýär. Gazet aktýor Tugrul Tülekiň alyp barmagynda geçirilen dabarada režissýory Emin Alper bolan Gabaw filminiň hem 4 sylaga eýe bolandygyny nygtaýar. Habarda Gabaw filminiň iň gowy film, iň gowy režissýor, iň gowy ssenariýa we iň gowy montaž ugurlary boýunça sylaglara laýyk görülendigi, iň gowy aktrisa sylagyna Demim kesilýänça çenli filmi bilen Esme Madranyň, iň gowy aktýor sylagyna bolsa Çyrmaşyk filminde oýnan Nadir Sarybajagyň laýyk görülendigi ýazylýar.

“Sabah" gazeti: “Soltan Abdülaziziň eskizleri Wenada" söz başyly habarynda, Osmanly Patyşasy Soltan Abdülaziziň eskizlerinden nusga alynyp döredilen kartinalaryň sergilenjek “Eskizlerden kartinalara Soltan Abdülaziz Suratlary" atly serginiň 16-njy martda Wena şäheriniň Ýunus Emre medeniýet merkeziniň Sungat galereýasynda sergilenjekdigini habar berýär. Gazet ozal Stambul şäheriniň Dolmabahçe köşgünde segilenen kartinalaryň Soltan Abdülaziziň tagtda wagty resmi sapar guran Wenada, Parižde we Londonda sungat muşdaklaryna açyljakdygyna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar