Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.02.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

439166
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.02.2016

“Star" gazeti “Rus uçarlaryny KORAL aldatdymy" söz başyly habarynda: “Milli taslamalarda uly üstünlikler gazanýan ASELSAN golaýda täze inženerçilik önümi nolan radar bozujy elektronik söweş ulgamy “KORAL-y" türk ýaragly güýçlerine tabşyrypdy. Synaglardan üstünlik bilen geçen “KORAL-yň" Hataý welaýatynda ornaşdyrylan gününden bäri rus uçarlarynyn 4 gezek ýalňyş nyşanalary bombalamagynyň käbir soraglary ýüze çykardy. Soňky gezek Siriýada ýalňyşlyk bilen terror guramasy ÝPG-niň düşelgelerini bombalan rus uçarlary ondan ozal hyzmatdaşy Asada degişli ýerleri bombalapdy. “KORAL" radar, uçar, roketa we S-400 ulgamlaryny kör edip, täsirsizleşdirýär" diýip ýazýar.

“Hürriýet" gazeti “Terror guramasy PKK ýaşlary alyp, janly bomba hökmünde peýdalanýar" söz başyly habarynda, Ankarada 29 adamyň şehit bolan harby serwis ulaglaryna gural hüjümiň jenaýatkäri Aldulbaki Sömeriň kakasy Musa Sömeriň içeri işler bölüminde düşündiriş berendigini mälim edýär. Gazet 2005-nji ýylda zor bilen alynyp gidilen ogluny tapmak üçin terror guramasy PKK-nyň lagerlerine 4 gezek barandygyny aýdan Musal Sömeriň lagerlerdäki terrorçylaryň ogluny özünden gizländigini we maglumat bermändigini aýdandygyna okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda kiçi ýaşda PKK terrorçylar tarapyndan alynyp gidilen kamikaze hüjümçisiniň 11 ýyldan bäri guramanyň lagerlerinde talim alandygy nygtalýar.

“Watan" gazeti “3 etrapda tebigy gaz tapyldy" söz başyly habarynda, Sakarýa welaýatynyň Sögütli, Serdiwan we Ferezli etraplarynda 400-450 metr çuňlukda tebigy gazyn tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet sebitde howpsyzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini, tebigy gaz ätiýajy barasynda bolsa golaýda maglumat beriljekdigini ýazýar.

“Sabah" gazeti “Sanjym eksport ederis" söz başyly habarynda, Saglygy saklaýyş ministri Mehmet Müezzinoglynyň hökümetiň milli derman senagatyna we sanjyma berýän goldawlarynyň netijesini bermäge başlandyğyny nygtap: “Difteriýa, tetenoz sanjymlaryny öndürýäris. Nobatda gepatit A sanjymy bar. Geljek ýyl sanjym eksport etjek sepgide ýeteris" diýen sözlerini ýerleşdirýär.

“Ýeni Şafak" gazeti “Salih Dursun köýnegi satuwa çykdy" söz başyly habarynda, Super liganyn 22-nji hepdesinde Trabzonspor futbol klubynyň Galatasaraýdan 2-1 hasabynda ýenilendigini, Trabzonsporda Özer Hurmajynyň, Aýkut Demiriň, Jawandanyň we Salih Dursunyň gyzyl kart gören oýunynda Salih Dursunyň Deniz Ateş Bitneliň ýalňyş kararyny protest edip, gyzyl karty alyp görkezmeginiň ünsleri özünde jemländigini ýatladýar. Gazet Trabzonsporyň Salih Dursunyň emin agza gyzyl kart görkezen pursadynyň suraty basylan köýnegini satuwa çykarandygyny, satuwdan alynjak girdejiniň ýaş emin agzalaryň daşary ýurtlarda tälim almaklary üçin sarp ediljekdigini ýazýar.



Degişli Habarlar