Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.02.2016

Gündelik gazetler dünýäniň we Türkiýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giňişleýin orun berýär

435749
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.02.2016

“Hürriýet" gazeti: “Bitewiligimize zeper ýetirip bilmezler" söz başyly habarynda, terrora garşy iş dünýäsiniň ýeke-täk ses bolandygyny we ýüzlenme çap edip: “Bitewiligimize zeper ýetirip bilmezler" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ankara şäherinde çarşenbe güni agşam guralan terrorçylykly hüjümiň, işgärleri, işewür adamlary, telekeçileri we daýhanlary çuňňur gynandyrandygyny belleýär. Gazet adamlaryň terrory ýazgarýandygyny, bular ýaly hüjümleriň bitewiligimizi nyşana alandygyna, emma olaryň niýetleriniň başa barmajakdygyny aýdandyklaryna ünsi çekýär.

“Ýeni Şafak" gazeti: “Arapça Türkiýe belligine ägirt uly goldaw" söz başyly habarynda, Ankarada guralan hyýanatçylykly hüjümden soň Twitter arkaly arap dilinde ýazylan bellige kampanýanyň başladylandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýe ýalňyz däldir sözleminiň arap dilinde ýazylan belliginiň gysga wagtda Twitteriň trend topik sanawyna girendigini nygtaýar. Habarda arap dilinde ýazylan bellige diňe 1 sagadyň dowamynda 5 milliona golaý adamyň goldaw berendigi we şol sanyň barha artýandygy ýazylýar.

“Sabah" gazeti: “Türkiýe 2 maksadymyzyň biri" söz başyly habarynda, dünýäniň iň uly atiýaçlandyryş guramasynyň biri bolan Lloyd'syň Türkiýäniň bazaryna girmek üçin edýän tagallalaryny çaltlandyrýandygyny habar berýär. Gazet Türkiýede düzgünleşdiriji organlar we hökümetiň agzalary bilen duşuşan Lloyd'syň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Jon Nelsonyň häzirki wagtda Türkiýäniň özleri üçin öňünde goýan maksatlarynyň biridigini aýdandygyny beýan edýär. Habarda Jon Nelsonyň Stambuldaky Maliýe merkezi we Türkiýäniň ykdysadyýetine bolan ynamlary sebäpli şu karara gelendiklerini aýdandygy nygtalýar.

“Haber Türk" gazeti: “World Press sylaglary bosgun suratlaryna" söz başyly habarynda, World Press Photo bäsleşiginde awstraliýaly surat habarçysy Warren Riçardsonyň bosgunlar temaly suratynyň “Ýylyň suraty" hökmünde saýlanandygyny mälim edýär. Gazet ozal geçirilen dürli-dürli halkara surat ýaryşlarynda sylaglara eýe bolan Associated Pressiň Türkiýedäki fotokorrespondenti Bülent Kylyçyň “Sport habar hekaýalary" kategoriýasynda 3-nji oruna mynasyp bolandygyny belleýär. Habarda bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan suratlaryň 16-njy aprelde Amsetrdamdaky ybadathanada, ondan soň bolsa 45 ýurduň 100-den gowrak şäherinde sergilenjekdigi nygtalýar.

“Star" gazeti: “Tehnologiýa 5 milliard adamy şowa kör eder" söz başyly habarynda, döwrebap dünýäniň aýrylmaz bölegine öwrülen ykjam telefonlaryň, planşetleriň we kompýuterleriň düýpli keselleriň döremegine sebäp bolýandygyny habar berýär. Gazet hünärmenleriň geçiren ylmy derňewlerine görä ulanylýan tehnologik enjamlaryň 2050-nji ýyla çenli 5 milliard adamyň şowa kör bolmagyna sebäp boljakdygyna ünsi çekýär. Habarda 2000-nji ýylda 2050-nji ýyla çenli göz keselleri bilen kesellän adamlaryň sanynyň 7 esse artjakdy ýazylýar.



Degişli Habarlar