Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.02.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

434292
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.02.2016

“Sabah" gazeti: “Bir minomýot okuna garşy 367 sany gaubisa bilen garşylyk" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG-niň hüjümlerine garşylyk bermeginiň hasabatlar bilen görkezilendigini mälim edýär. Gazet geçen hepdäniň şenbe güni Türkiýä garşy guralan hüjüme artykmajy bilen jogap berilendigini nygtaýar. Habarda terrorçylaryň guran hüjümine garşy ilkinji günde 261 gezek, 2 günde bolsa jemi 367 gezek od açylyp ÝPG-niň 90 nyşanasynyň ýok edilendigi bellenýär. Gazet garşylyk görkezip guralan hüjümlerde 4 günde jemi 150 terrorçynyň öldürilendigine ünsi çekýär.

“Haber Türk" gazeti: “Serhetde 10-da 1 meýilnamasy we howpsyz zolaklarda çadyr şäherçeler" söz başyly habarynda, terror guramasy PKK-niň Siriýadaky goly bolan ÝPG-niň arkasyna Russiýany we ABŞ-ny alyp guraýan hüjümleri we Russiýanyň howa hüjümleri sebäpli ýene-de 500-600 müň bosgunyň gelmegine garşy Türkiýäniň ähli ssenariýalary gün tertibine getirendigini habar berýär. Gazet ÝPG-niň hüjümlerini dowam etdirmegi halatynda Türkiýäniň serhede geljek 10 bosgunyň diňe 1-ni kabul etjekdigini, galan bosgunlar üçin bolsa Siriýada howpsyz zolaklarda guruljak çadyr şäherçelerde ýerleşdiriljekdigini ýazýar.

“Star" gazeti: “Surda soňky 100 metr" söz başyly habarynda, Diýarbakyryň Sur etrabynda dowam etdirilýän operasiýada düýn ýene-de 2 terrorçynyň öldürilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet etrapda geçirilýän operasiýalarda öldürilen terrorçylaryň sanynyň 204-e ýetendigini belleýär. Habarda Şyrnak welaýatynyň Jizre etrabynda bolşy ýaly, Diýarbakyryň Sur etrabyndaky opersiýanyň hem tamamlanyp barýandygy beýan edilýär. Gazet etrapdaky terrorçylary 100 inedördül metr ýerde gaban howpsyzlyk güýçleriniň Şyrnagyň Idil etrabyny hem saplamagy meýilleşdirýändigini nygtaýar. Habarda operasiýadan ozal etrapda köçä çykmak gadagançylygynyň yglan edilendigi aýdylýar.

“Watan" gazeti: “Türkiýe ownuk şahly mallarda Ýewropada 1-nji orunda" söz başyly habarynda, 2015-nji ýylyň dekabr aýynda iri şahly mallaryň sanynyň 14 million 128 müňe, ownuk şahly mallaryň sanynyň jemi 41 million 924 müňe ýetendigini, şolardan goýunlaryň sanynyň 31 million 508 müňdigini, geçileriň sanynyň bolsa 10 million 416 müňdigini mälim edýär. Gazet Türkiýäniň iri şahly malar boýunça Ýewropada Fransiýadan soň 2-nji oruna geçendigini, Fransiýada iri şahly mallaryň sanynyň 19 million ilkinji orundadygyny ýazýar. Habarda Türkiýeden soň Britaniýanyň, Ispaniýanyň we Gresiýanyň gelýändigi bellenýär.

“Hürriýet" gazeti: “Antalýa Ýewropadan göniden-göni uçar gatnawlary" söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Temel Kotiliň ençeme ýyl bäri Ýewropadan Antalýa göniden-göni uçar gatnawlaryna garaşýan syýahatçylyk pudagynyň işgärlerine buşlukly habary ýetirendigini habar berýär. Gazet Kotiliň: “Uçar gatnawlary Ýewropanyň demirgazygyndaky ýurtlary öz içine alar. Norwegiýa we Finlýandiýa ýaly ýurtlardan talap köp. Tomusa çenli gatnawlary başlatmagy meýilleşdirýäris. Germaniýa ýaly köp syýahatçy gelýän ýurtlardan Antalýa göniden-göni uçar gatnawlary bolmaz. Sebäbi ol ýurtlardan çarter uçarlar bilen syýahatçy gelýär" diýendigine ünsi çekýär.



Degişli Habarlar