Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.02.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

426495
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.02.2016

“Sabah” gazeti: “Prezident Erdogan potratçylary Çilä ugrukdyrdy” söz başyly habarynda, Günorta Amerika ýurtlaryna sapara çykan Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Çilide türk işewür adamlaryna öz pudaklarynyň wekilleri bilen gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmaklarynyň wajypdygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet Erdoganyň: “Bu ýerde magdançylyk we mis köp. Bu pudakda iş alyp barýan biziňem işewür adamlarymyz bar. Potratçylarymyz bu ýerde iş alyp barmaklary hökman. Şol meselede potratçy firmalar bu ýeriň infrastrukturasy bilen gyzyklansa ol ýagdaý bize oňyn netije getirer diýip pikir edýärin” diýendigini belleýär.

“Star” gazeti: “Şimşek: Türkiýe şahsy kapital boýunça super ligada” söz başyly habarynda, Ykdysadyýetden jogapkär ministriň orunbasary Mehmet Şimşegiň şahsy kapitala goldaw bermekde Türkiýäniň ençeme ösen ýurduň arasynda ilkinji orunlaryň birini eýeleýändigini belläp: “Türkiýe şahsy kapital bilen 2 ýyl ozal tanyşmagyna garamazdan bu ugurda berýän goldawy boýunça super ligada” diýendigini habar berýär. Gazet şahsy kapital babatynda hasabat beren Şimşegiň Türkiýäniň şahsy kapital boýunça Britaniýany, Italiýany, Ispaniýany, Germaniýany, Fransiýany, Singapury, Ysraýyly we Amerikanyň käbir ştatlaryny geçendigini aýdandygyny nygtaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Türkiýe rus ýük ulaglaryna gadagançylyk getirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň türk firmalaryna we işewür adamlaryna garşy sanksiýalar girizýän Russiýa garşy göçüm edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda rus ýük ulaglarynyň Türkiýä girişleriniň gadagan edilendigi aýdylýar. Gazet ýük ulaglarynyň 2016-nji 31-nji ýanwarynda tamamlanan ýük daşamak rugsatnamalaryny täzelemändikleriniň bilinendigini belleýär.

“Haber Türk” gazeti: “Germaniýa we Fransiýa Ukrainanyň ýanynda” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Premýer ministri Angela Merkeliň Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko bilen Federal Premýer ministrlik binasynda duşuşandygyny mälim edýär. Gazet bilelikde geçirilen metbugat işgärleriniň ýygnagynda Merkeliň Germaniýanyň we Fransiýanyň iki hyzmtdaş ýurt hökmünde Ukrainanyň ýanyndadygyny we Germaniýanyň Ukrainanyň ykdysadyýetine berýän goldawynyň şu ýyl hem dowam etjekdigini aýdandygyny nygtaýar.

“Watan” gazeti: “Kaçkarlarda heliski şüweleňi” söz başyly habarynda, dikuçarlar bilen lyža spordy bolan heliskiniň Türkiýedäki merkezine öwrülen Kaçkar daglarynda sezonyň açylandygyny habar berýär. Gazet 2 dikuçar bilen başlan heliski şüweleňiniň 4 hepde dowam etjekdigine ünsi çekýär. Habarda Kaçkar daglaryna soňky 9 ýylyň dowamynda aralarynda Fransiýa, Germaniýa, Şwesiýa, Ispaniýa, Şweýsariýa, Kanada, ABŞ we Russiýa ýaly ýurtlardan takmynan 3 müňe golaý türgeniň gelendigi ýazylýar. Gazet dikuçarlar bilen dagyň depesine alynyp gidilýän türgenleriň depeden aşak typýandygyny, Alaskada, Kanadada, Alp daglarynda we Türkiýäniň Kaçkalar dagynda heliski etmek isleýän adamlaryň 1 hepdäniň dowamynda adam başyna 8-15 müň ýewro aralygynda çykdajylarynyň bolýandygyny belleýär.



Degişli Habarlar