Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.01.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

424161
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.01.2016

“Ýeni Şafak” gazeti: “Näme bolsa bolsun bu göreş dowam eder” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Prezident köşgünde ýazyjylar, alymlar we metbugat işgärleri bilen duşuşandygyny mälim edýär. Gazet duşuşykda terrorçylykly hüjümler, DAEŞ we PKK guramalary başda bolmak bilen terror guramalaryna garşy göreş meseleleriniň gün teribine getirilendigini belleýär. Habarda terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigini nygtan Erdoganyň: “Göreşimiz kürt halkyna garşy däl, asuda ilaty gyrýan gurama garşy. Näme bolsa bolsun biz bu göreşi dowam etdirmäge mejbur” diýendigi ýazylýar.

“Haber Türk” gazeti: “ABŞ-dan Türkiýä serhet programasy” söz başyly habarynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkiýäniň Siriýanyň DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky Jerablus-Mare liniýasyndaky 98 km uzynlygyndaky serhet liniýasyny has hem ykjam goramagy üçin täze tehnologik goldawy hödürlemäge taýarlanaýandygyny habar berýär. Gazet ABŞ-nyň aerostat gözegçilik şarlary, tuneliň öňüni alyş tehnologiýalary, anti partlajy ulgamlary we partlaýjy maddalaryň ýasalmagynda ulanylýan materiallaryň anyklanmagyna garşy usullary bermäge taýardygyny aýdandygyny nygtaýar.

“Hürriýet” gazeti: “Siriýada Türkiýesiz çözgüt bolmaz” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Daşary işler ministri Frank Walter Ştaýnmaýeriň Türkiýä söz berilen 3 milliard ýewrolyk maliýe goldawynyň beriljekdigini, emma NATO-nyň Siriýada bolup geçýän wakalara harby taýdan gatyşmaklyga razy däldigini belläp: “Maliýe goldaw babatynda ÝB-ne agza ýurtlaryň arasynda ylalaşyk gazanylyp gelinýär. Türkiýä şol çäkde söz beren maliýe goldawymyzy şübhesiz bereris. Biz sebitden Ýewropa geçýän bosgun akymynda wajyp ýurt bolan Türkiýä daşarky serhetlerini has hem gowy goramak üçin kömek bermek isleýäris. Howalar gowylaşan mahaly sanlarynyň täzeden artmagynyň öňüni almak üçin biz Türkiýä eýýäm häzirden başlap şol çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin işleşmäge başlamalydyrys” diýendigine ünsi çekýär.

“Star” gazeti: “Oktýabrda Germaniýa wizesiz gideris” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaşyň Ýewropaly Türk demokratlar bileleşiginiň Germaniýanyň Köln şäherindäki merkezinde eden çykyşynda: “Oktaýbr aýyndan başlap Türkiýe bilen Germaniýanyň arasynda wizesiz syýahat mümükinçiligi bolar. Bu Ýewropa integrasiýamyz üçin wajyp bir ädim” diýendigini beýan edýär.

“Sabah” gazeti: “Iş dünýäsiniň bir ýyldyzy süýndi” söz başyly habarynda, Koç Holdinginiň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Mustafa Koçyň düýn irden öýünde sport maşklaryny edýän wagty ýüreginden tutup ýogalandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Mustafa Koçyň iş dünýäsine 1984-nji ýylda gadam basandygyny we durmuşynda ençeme başarnyklara eýe bolandygyny belleýär. Habarda Mutafa Koçyň duýdansyz ýogalmagynyň iş dünýäsiniň wekillerini örän gynandyrandygy we Türkiýe üçin hem uly ýitgi bolandygy nygtalýar.


Etiketkalar: #metbugat , #syn , #gazet

Degişli Habarlar