Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.11.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

421114
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.11.2015

Sabah” gazeti: “Kiçijek Senanyň soňy Aýlan ýaly boldy” söz başyly habarynda, Bodrumyň golaýynda bikanun ýollar bilen daşary ýurda gitmek üçin ýola çykan gaýygyň batmagy netijesinde dereksiz ýiten 15 adamyň biri bolan kiçijek gyzyň jesediniň hem tapylandygyny mälim edýär. Gazet gaýalyklaryň arasynda tapylan 4 ýaşly gyz çaganyň jesediniň Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan Bodrum Döwlet hassahanasyna alynyp gidilendigini belleýär. Habarda Senanyň eşikleriniň hem 2 ýaşynda ýogalan Aýlan Kürdiniň eşiklerine meňzeşdigi sebäpli köpleriň ünsini özüne çekendigi nygtalýar.

Ýeni Şafak” gazeti: “Biz terrorçy däl” söz başyly habarynda, Siriýadaky, Yrakdaky we Owganystandaky söweşden gaçyp has gowy durmuş ýaşamak üçin Ýewropa ýurtlaryna gidýän bosgunlaryň ol ýurtlardaky ýaşaýyşlary Pariždaky terrorçylykly hüjümden soň has hem agyrlaşandygyny habar berýär. Habarda Ýewropadaky müňlerçe bosgunyň özlerine garşy erbet garalmak ýa-da ýurtlaryna ugradylmak howpyny başlaryndan geçirýändigi ýazylýar. Gazet bosgunlaryň birnäçe wagt ozal ýewropalylaryň gujak açyp garşylandyklaryny, indi bolsa nahar hem bermeýändiklerini aýdandyklaryny, serhetlerde ençeme gün garaşýan bosgunlaryň bolsa “Biz terrorçy däl, biz bosgun, biz adam” diýýändiklerini belleýär.

Ýeni Akit” gazeti: “Günbatar ýurtlary Türkiýäniň saglyk ulgamyna haýran” söz başyly habarynda, bütin dünýäniň Türkiýede soňky 13 ýylda saglyk pudagynda edilen özgerilişiklere haýran galýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Saglyk üçin çözgüt derňewi taslamasynyň Ýewropa dolanşyk komitetiniň agzasy lukman Paskal Riçettanyň Türkiýede saglyga uly ähmiýet berilýändigini, saglyk hyzmatyndaky özgerilişikleriň barha artýandygyny aýdandygyna ünsi çekýär. Habarda Riçettanyň Saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň çäginde alynyp barylýan maşgala lukmanlary taslamasynyň hem örän ajaýypdygyny belländigi nygtalýar.

Haber Türk” gazeti: “Yslam ýurtlary erkin söwda gönükdi” söz başyly habarynda, Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň Ykdysadyýet we söwda hyzmatdaşlygynyň hemişelik komiteti ISEDAK-yň 31-nji maslahatynyň şu gün Stambulda başlandygyny mälim edýär. Gazet 26-njy noýabra çenli dowam etjek maslahatda Yslam ýurtlarynyň arasynda erkin söwda ugrunda edilýän işler barada pikir alyşyljakdygyny belleýär. Habarda türk resmileriň Yslam ýurtlarynyň global söwdada has işjeň rol alyp barmaklary üçin ýurtlaryň eksport pudaklaryna üýtgeşmeleriň girizilmelidigini aýdandyklary ýazylýar.

Hürriýet” gazeti: “Orta asyrlaryň gämisi 2016-njy ýylda ýaňadandan ýüzer” söz başyly habarynda, Stambulda Marmaraý we metro taslamasynyň çäginde dowam etdirilýän arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan 37 eseriň biri bolan “Ýenikapy 12” gäminiň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny habar berýär. Gazet Orta asyrlara degişli bolan 9,64 metr uzynlygynda we 2,60 metr giňliginde bolan gäminiň kopiýasynyň öňümizdäki ýylda deňize goýberilmegi maksat edinilýändigini beýan edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar