Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.11.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan uğurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

420203
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.11.2015

“Star” gazeti “Baýyrbujak synýar” söz başyly habarynda, Russiýanyň DAEŞ-e derek türkmenleri bombalaýandygyny ýazýar. Habarda Siriýada Başar Asadyň güýçleri tarapyndan gury ýerden gabaw astyna alynan türkmenleriň rus uçarlary tarapyndan bombalanandygyny malim edýär. Gazet Baýyrbujagyň esasy strategik nokady bolan Gyzyldagyň synandyğyny, Türkmen dagynyň bolsa göreşe dowam edýändigini, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň türkmen obalaryny bomlaýan Russiýa berk garşylyk görkezendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Ankaranyň Moskwa nota ugradandygy mälim edilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ynam artdy” söz başyly habarynda, 1-nji noýabrda geçirilen saýlawdan durnuklylyk netijesiniň çykmagynyň ykdysadyýete oňyn täsir ýetirmäge dowam edýändigine ünsleri çekýär. Gazet raýatlaryň pikirini öwrenmekligi maksat edinýän ynam indeksinin geçen aý bilen deňeşdirilende 22,9 göterim artandygyny mälim edýär. Habarda analitikleriň maýa goýum şertleriniň gowulanjakdygy düşünjesi bilen hem sarp edijileriň hem-de maýadarlaryň geljek 12 aýlyk döwürde yza süýşürilen sarp edişlerini we maýa goýumlaryny durmuşa geçirjekdigini çak edýändigini nygtaýar.
“Sabah” gazeti “Demirgazyk Yrakdan iki ýyla çenli gaz geler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň energiýa serişdelerinde Russiýa we Eýrana garaşlylyk taýdan iňňän möhüm bolan Demirgazyk Yrakdan çykarylýan tebigy gazyň alynmagyny Atlantik geneşiniň Energetika maslahatynda gün tertibine getirendigini, Demirgazyk Yrakda iş alyp barýan esasy firmalardan biri bolan “Genel Energiniň” başlygy Toni Haýwardyň 2-3 ýylyň dowamynda tebigy gazyň Türkiýä akdyryljakdygyny nygtap: “2020-nji ýylda 20 milliard kub metr gaz türk bazaryna akar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “Bu taýda 7111 jüýje gyzylinjik bar” söz başyly habarynda, Guş jennetindäki gyzylinjik jüýjeleriniň sanynyň 7111-e barabardygynyň anyklanandygyny ýazýar. Habarda “Egeý uniwersitetinden berilen beýanata laýyklykda İzmiriň Guş jenneti alym Ortaç Onmuş tarapyndan İzmiriň Tokaý hojalygy müdirligine degişli dik uçar bilen surata alyndy we gyzylinjik jüýjleri sanaldy. Geçirilen sanawdan soň Guş jennetinde köpelen gyzylinjik jüýjeleriniň sanynyň 7111-e deňdigi anyklandy” diýilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar