Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.11.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

409088
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.11.2015

Sabah” gazeti: “Erdoganyň ýeňişi” söz başyly habarynda, Ak partiýanyň 1-nji noýabyrda geçirilen saýlawlarda üstünlik gazanmagynyň daşary ýurt metbugatynda giň seslenme döredendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Britaniýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň we Russiýanyň gazetlerinde we habar saýtlarynda Adalat we ösüş partiýasynyň 50 göterime golaý sesleri alyp gazanan ýeňişine uly baha berendiklerini we “Erdogan syýasat jadygöýi” diýip ýazandyklaryny belleýär. Gazet tanymal habar saýtlarynyň we gazetleriniň öz makalalarynyň söz başylaryna “Erdoganyň ýeňişi” diýip ýazandyklaryna, Ak partiýanyň 7-nji iýundaky saýlawlardan soň özüniň azalan mejlis deputatlarynyň ýaňadandan köpçülige eýe bolandygyna ünsi çekýär. Habarda Britaniýanyň Times gazediniň: “Erdogan syýasatyň Goudinisi” diýendigi, Independent gazediniň bolsa: “Türkiýäniň eli Siriýa meselesinde güýçlener” diýip ýazandygy nygtalýar.

Haber Türk” gazeti: “Ünsler ministrler kabinetinde” söz başyly habarynda, 1-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan Ak partiýanyň ministrler kabinetine ozal ministr wezipesinde işlän tejribeli adamlary bellejekdigini mälim edýär. Gazet Ali Babajanyň, Binali Ýyldyrymyň, Rejep Akdagyň, Jemil Çiçegiň, Beşir Atalaýyň, Taner Ýyldyzyň, Faruk Çeligiň ýaňadandan ministrler kabinetine alynmagyna garaşylýandygyny belleýär. Habarda Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen işlän Jewdet Ýylmazyň, Lütfi Elwanyň, Mehmet Şimşegiň, Nabi Awjynyň we Efkan Alanyň hem ministrler kabinetine bellenjekdigi aýdylýar.

Hürriýet” gazeti: “Wadadan hakykata” söz başyly habarynda, Ak partiýanyň ýeke özüniň hökümetiň başyna geçmegi bilen bilen ünsler indi 22,3 milliar liralyk wadalara öwrülendigini habar berýär. Habarda hökümediň gurulmagy bilen ilki bilen wagtlaýyn býujetiň dörediljekdigi nygtalýar. Gazet mundan soň bolsa dekabr aýynda minimal aýlyklar programasynyň ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny, ol tapgyrdan soň bolsa wadalar bilen baglanşykly programanyň dörediljekdigini we mejlisiň gün tertibine hödürlenjekdigini ýazýar.

Star” gazeti: “Mega taslamalara tarap” söz başyly habarynda, Türkiýäni galkyndyrjak ägirt uly taslamalaryň saýlawlardan çykan asudalyk bilen durmuşa geçirilmäge başlanjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 100 milliard dollardan geçýän ägirt uly taslamalaryň Türkiýäniň 2023-nji ýyldaky maksatlaryna tarap gönükdirjekdigini belleýär. Habarda türk halkynyň asudalyga ses bermegi bilen Stambul Maliýe merkezi, Ýewraziýa tuneli, Akkuýu Ýadro desgasy, TANAP, Türk Akymy, Ýokary tizlikli otly ýollary, Kanal Stambul, 3-nji Köpri, 3-nji Howa menzili, Ýerli ulag, Milli sebitleýin ýolagçy uçary ýaly taslamalaryň Türkiýäni has hem galkyndyrjak ägirt uly taslamalar bilen baglanşykly işleriň gysga wagtda tamamlanjakdygyna ünsi çekilýär.

Watan” gazeti: “Müň ýyllyk Injil söweşi” söz başyly habarynda bolsa, Tokat welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk boýunça jogapkär ýolbaşçysy Abdurrahman Akýüziň şäherde tapylan we müň ýyllyk diýip anyklanan Injiliň Tokatda galmagy üçin tagalla etjekdiklerini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Injiliň Anadalody ýazylandygyny aýdan Akýüziň: “Injil siriýa dilinde ýazylypdyr, altyn bilen bazelipdir, gymmady we hakykylygy anyk. Injili Tokatda galdyrmak üçin elimizden gelenini ederis” diýendigini habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar