Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.10.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

403622
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.10.2015

“Watan” gazeti: “Prezident köşgünde raýtlary kabul etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň we aýaly Emine Erdoganyň düýn Beştepede 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli 81 welaýatdan gelen raýatlary kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Erdoganyň myhmanlary garşylanda: “Milletiň öýüne hoş geldiňiz” diýendigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti: “Baş Prokuratura: DAEŞ etdi” söz başyly habarynda, Parahatçylyk mitinginde guralan we 102 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hyýanatçylykly hüjümi terror guramasy DAEŞ-iň edendigini mälim edýär. Gazet beýanaty Ankaranyň Baş Prokuraturasynyň berendigini ýazýar. Gazet Baş Prokuraturanyň Halklaryň demokratik partiýasyny nyşana alyp guralan hüjümiň hem DAEŞ tarapyndan edilendigini, eden gyrgynçylyklarynyň esasy maksatlarynyň 1-nji noýabrdaky umumy saýlawlary soňa goýmakdygyny, meýilnamalarynda harby baza hem hüjüm guramak bardygyny nygtaýar. Habarda guramanyň Gaziantepde ýaragly topar döredip Siriýadaky DAEŞ bilen aragatnaşyk saklandygy we hüjümlerini hem şol ýerden alan buýruklaryna görä meýilleşdirendikleri aýdýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Karaýylan bilen Gülen meňzeş kategoriýada” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň “Sylag normatiwleriniň” çäginde gözlenýän terrorçylaryň sanawyny görkezýän internet saýtyny taýarlandygyny habar berýär. Gazet Içeri işler ministrligi tarapyndan taýarlanan sanawda Fethullah Güleniň we Murat Karaýylanyň gyzyl kategoriýadadygyny belleýär. Gazet Gülen, Karaýylan, Baýyk we Dokumajynyň hem bar bolan gyzyl kategoriýadaky her terrorçy üçin 4 million sylag beriljekdigine ünsi çekýär.

“Star” gazeti: “2016-njy ýyl bereketli ýyl bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň 2016-njy ýylyň reforma ýyly boljakdygyny aýdyp: “Öňümizdäki ýyl soňa goýylan taslamalaryň durmuşa geçiriljegi güýçli bir yl bolar. 2016-njy ýylda ykdysadyýetde ýokary görkezijiler bolar” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň hususy banklary bolan Akbankyň, Garanti bankyň we Ýapy Kredi bankyň 9 aýda jemi 6,2 millard lira girdeji alandygyny we ýurduň ykdysadyýetine 628 milliardlyk girdeji getirendigini belleýär.

“Haber Türk” gazeti: “Koreýaly rokçy ýyldyzlar Stambulda ölümiň bari ýanynda gaýtdylar” söz başyly habarynda, rok topar CNBLUE-niň Türkiýede geçirilýän Aziýa Ýuwaş okean aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmak üçin Stambula gelendigini, toparyň Atatürk howa menzilinde muşdaklary tarapyndan garşylanandygyny mälim edýär. Gazet Günorta Koreýada 2009-njiy ýylda FNC Entertainment kärhanasynyň adyndan çykyş eden rok toparyň 4 agzasy CNBLUE-niň türk muşdaklar sebäpli dowula düşüp ölümiň bäri ýanyndan gaýdandyklaryny habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar