Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.10.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

400612
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.10.2015

Watan” gazeti: “Ilkinji milli harby uçar” söz başyly habarynda, milli ulagdan soň, indi bolsa milli harby uçaryň hem ýörelgesiniň belli bolandygyny mälim edýär. Gazet 2 ýyl ozal 3 sany tapawutly ýörelge boýunça işler alyp barmaga başlan TAI-niň we Harby howa güýçleriniň ahyrynda iki dwigatelli uçaryň boljakdygyna karara gelendiklerini belleýär. Habarda TAI-niň Milli harby uçaryň ilkinji uçuşyny ýerine ýetiren we taslamanyň soňky ýörelgelerini bellän çykyşynda FX-1 uçarynyň 2013-2023 ýyllar aralygynda ulagyň has hem döwrebaplaşdyryljakdygyna nygtandygyna ünsi çekýär. Gazet uçaryň 2023-nji Türkiýäniň serhediniň çäginde uçmaga başlajakdygyny nygtaýar.

Star” gazeti: “Terroryň yzy aýrylýar” söz başyly habarynda, aýralykçy terror guramasyna agza terrorçylaryň Diýarbakyryň Sur etrabynda guran hüjümlerinde zeper ýeten metjidiň we buthananyň abatlaýyş işleriniň başlandygyny habar berýär. Gazet PKK-ly terrorçylaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasyna alynan Diýarbakyryň galalarynyň we Hewsel bakjalarynyň ýerleşýän Sur etrabynda guran hüjümlerinde taryhy binalara hem zeper ýetendigini aýdýar. Habarda abatlaýyş işleri üçin takmynan 5 million lira harçlanan Gadymy Gurşunly, Hazredi Süleýman, Arap Şeýh, Hasyrly metjit, Dörd aýakly minara bilen Ermeni katoliki we Ermeni protestan buthanalarynyň zeper ýeten ýerlerinde abtalaýyş işleriniň geçirilendigi ýazylýar. Gazet Gurşunly metjidinde zeper ýeten ýeriň uludygy sebäpli täze taslamanyň üstünde işlenýändigini belleýär.

Ýeni Şafak” gazeti: “Eýranda türk harytlaryna öýkünme” söz başyly habarynda, Türkiýäniň dokma önümleriniň Eýranda öýkünip ýasalandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Stambul Taýar egin-eşik we konditer eksportçylar bileleşiginiň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Hikmet Tanrywerdiniň: “Eýranda türk önümleri örän halanýar. Eýranyň halky esasan hem türk dokma we konditer önümlerini gowy görýär. Ýagdaý bular ýaly bolan halatynda bolsa öýkünme bolar” diýendigini ýazýar.

Sabah” gazeti: “Türk howa ýollary Maýama uçmaga başlady” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň Amerika materginde Buenos-Aýres, San-Paulu, Toronto, Monreal, Çikago, Hýuston, Los-Anželes, Waşington, Boston we San-Fransisko soň indi bolsa Maýama uçar gatnawlaryny ýerine ýetirmäge başlandygyny mälim edýär. Habarda düýn başlan uçar saparlarynyň hepdäniň her güni ikitaraplaýyn ýerine ýetiriljekdigi bellenýär.

Haber Türk” gazeti: “Beril bütin dünýä boýunça 3-nji orun eýeledi” söz başyly habarynda, Izmiriň Şekillendiriş sungaty mekdebinde okaýan autizm keselli Beril Zorlunyň Kanadada geçirilen we 25 ýurduň autizm keselli ýaşlaryň gatnaşýan 6-njy ANCA Bütindünýä Autizm festiwalynda “Sahna sugatlary-Ýaş” kategoriýasy boýunça 3-nji oruna mynasyp bolandygyny we öňümizdäki ýyl geçiriljek 7-nji Bütindünýä Autizm festiwalyna çagyrylandygyny habar berýär. Gazet Beriliň ejesi Ýeşim Zorlunyň: “Örän kyn günleri başymyzdan geçirdik. Saz beril we biz üçin täze dünýäniň gapylaryny açdy. Bu sylag bolsa ýene-de bir gapyny açýar” diýip nygtandygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar