Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.10.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

398455
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.10.2015


“Haber Türk” gazeti “Halapdan 100 müň siriýaly Türkiýä tarap ýola çykdy” söz başyly habarynda Siriýadaky ýerli çeşmeleriň Russiýanyň Halap şäherinde we töwereklerinde guraýan howa hüjümlerinden soň howpsyzlyk zolak üçin ýollara çykan 100 müň adamyň Kilis serhedine tarap gelýändigini ýazýar.
Gazet söweşden gaçan müňlerçe bosgunyň 3 günde serhede çenli geljekdigini ýatladýar.

“Watan” gazeti “Howpsyz zolak meselesi gün tertibinde” söz başyly habarynda ABŞ-nyň, Russiýanyň howa hüjümleri sebäpli ýokarlan bosgun akymy sebäpli Türkiýäniň Siriýa serhedinde “howpsyz zolagyň döredilmegi” teklibini ýaňadandan gün tertibine alandygyny habar berýär.
Gazet ýerli metbugatda berlen habarlara görä, Prezident Barak Obamanyň egindeşleri, Pentagonyň ýolbaşçylary bilen birlikde duşenbe güni Ak Tamda “howpsyz zolak” meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny mälim edýär.
Gazet howpsyz zolaga Amerikaly, Türkiýeli we İordaniýaly esgerleriň ornaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny we uçuşa gadagan zolak alternatiwiniň hem gün tertibindedigini nygtaýar.

“Sabah” gazeti “Aşure jebisligimize sebäp bolsun” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Yslam dünýäsini Aşure güni bilen mähirli gutlandygyny ýazýar.
Gazet Prezident Erdoganyň gutlag ýüzlenmesinde “Aşure gününiň Siriýada, Yrakda, Palestinada, Müsürde, Liwiýada, Myanmada we zulum astynda ýaşaýan ähli doganlarymyzyň azatlygynyň buşlukçysy bolmagyny, musulmanlaryň arasynda jebislige we bitewilige sebäp bolmagyny dileýärin” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary ýurtlylaryň ünsi Türkiýede” söz başyly habarynda Ankaranyň Söwda bileleşiginiň saglyk turizmi barada taýarlan habarnamasyna görä, Türkiýede bejergi alýan daşary ýurtlylaryň sanynyň barha köpelýändigine ünsi çekýär.
Gazet bejergi almak üçin esasan hem Liwiýadan, Germaniýadan, Yrakdan we Azerbaýjandan gelýänleriň sanynyň gün saýyn köpelýändigini nygtaýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar