Türk metbugatynyň gusgaça mazmuny 16.10.2015

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

354930
Türk metbugatynyň gusgaça mazmuny 16.10.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Russiýa diwara deger” söz başyly habarynda, Russiýanyň we Asadyň terror guramasy DAEŞ-i Türkiýä gönükdirmek isleýändigini we şol sebäpli Türkiýäniň hökümetiniň Siriýa serhedine 911 km-lik diwar örjekdigini mälim edýär. Habarda taslamanyň ilkinji etabynyň tamamlanandygy bellenýär. Gazet elektron datçikleriň, serhede golaýlaşyp gelýänleri anyklama radarlaryň, sensorlaryň we uçarmansyz howa ulaglaryň Türkiýäniň serhedini DAEŞ-den we beýleki howplardan gorajakdygyny nygtaýar.

“Hürriýet” gazeti: “Medula siriýaly bosgunlara açyldy” söz başyly habarynda, Sosial howpsyzlyk guramasy SGK-nyň derman alynan wagty hem dermanhanalaryň hem-de siriýaly bosgunlaryň başyndan geçirýän meselelere çözgüt tapmak maksady bilen Türkiýe Respublikasynyň raýatlarynyň ulanýan Medula ulgamyny siriýaly bosgunlar üçin hem açandygyny habar berýär. Gazet Medula ulgamyna görä bosgunlaryň derman pullary Gyssagly goldaw gaznasy tarapyndan tölenjekdigine ünsi çekýär. Habarda SGK-nyň Medula ulgamynyň siriýaly bosgunlara açylmagy bilen dermanhana baran bosgunlaryň şahsyýet nomerlerini dermanhananyň işgärine berip dermany alyp biljekdigi ýazylýar.

“Watan” gazeti: “Yzyna kabul edilşige gazna goldawy” söz başyly habarynda, Bütindünýä bankynyň ÝB bilen siriýaly bosgunlar meselelsinde “Yzyna kabul edilşik” ylalaşygyna gol çekişmäge taýarlanýan Türkiýä goldaw berjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “Yzyna kabul edilşik” ylalaşygyna gol çekilen soň, Gresiýa adalaryny hem öz içine alýan Ýewropaniň islendik ýerine baran bosgunlar anyklanan we tussag edilen halatlarynda gelen ýurtlaryna, ýagny Türkiýä ugradyljakdygyny aýdýar.

“Haber Türk” gazeti: “Ýaşaýyş jaý alan raýatlar harby gulluga alynmaz” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň Türkiýede ýaşaýyş jaý alan daşary ýurtlylara raýatlyk berilmegi bilen baglanşykly beýanat berendigini mälim edýär. Gazet raýatlygyň diňe ýaşaýyş jaý alan adamlara däl eýsem maýa goýan adamlarada berilmegini teklip eden Zeýbekjiniň raýatlyk hukugyna goşmaça uzak möhletleýin wiza bermegi hem gün tetibe getirendigini belleýär. Habarda raýatlyk alan adamlaryň ilki bilen ýurda wizasyz girip biljekdigi, Türkiýäniň raýatlary bilen meňzeş hukuga eýe boljakdygy, isleseler ýurtda işläp hem biljekdiklerini aýdandygy nygtalýar. Gazet daşary ýurtlylaryň harby gulluga alynmazlygy hem gün tertibe gelinendigini ýazýar.

“Star” gazeti: “Asyryň taslamasy bütin dünýä nusga boldy” söz başyly habarynda, DKTR-ny 50 ýyllyk suw talabyny suw bilen üpjün etjek Asyryň taslamasynyň tamamlanandygyny habar berýär. Gazet dünýäde ilkinji gezek deňiziň aşagyndan turbalar geçirilip Mersinden DKTR-na ýetiriljek taslamanyň ertir Prezident. R.T. Erdoganyň we Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň gatnaşmagynda ulanylmaga beriljekdigine ünsi çekýär. Habarda taslamanyň bütin dünýä nusga bolandygyny we Awstraliýada şuňa meňzeş taslamanyň guruljakdygyny aýdýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar