Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.09.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

342039
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.09.2015

“Star” gazeti: “Eksport kadalaşmaga başlandy, sentýabr aýynda ösüşe garaşylýar” söz başyly habarynda, Türkiýede awgust aýynda eksportyň 5 göterim ösüş edendigini mälim edýär. Gazet iň uly eksportyň ulag önümçiligi pudagynda bolandygyny belleýär. Habarda awgust aýynda iň köp eksport Germaniýa, Britaniýa, Yraga, ABŞ-na we Fransiýa edilendigi ýazylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Halkara Halal syýahatçylygy geňeşi 1-nji dekabrda Stambulda” söz başyly habarynda, ilaty 1,5 milliard adamdan geçen we 7 materige ýaýran yslam dünýäsinde halal syýahatçylygyň başa geçmäge başlandygyny habar berýär. Gazet Türkiýä yslam ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagy sebäpli halal syýahatçylyk pudagynyň hem hereketlenendigine ünsi çekýär. Habarda pudagyň 14 göterim ösüş edendigi, Türkiýäniň entegem halal syýahatçylyk pudagynda uly mümkinçiliklere eýedigi we dekabrda geçiriljek geňeşe şu wagtdan eýýäm gyzyklanmanyň uludygy bellenýär.

“Watan” gazeti: “Ortaýer deňizinde aýdym-saz şüweleňi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Antalýa welaýatynyň Manawgat etrabynda 10-18-nji sentýabr aralygynda “Side Bütündünýä aýdym-saz festiwalynyň” geçiriljekdigini we festiwalda dünýäniň tanymal aýdymçylarynyň çykyş etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet festiwalyň aýdym-sazyň Ladino ugrunyň tanymal aýdymçysy Ýasmin Lewynyň kosnserti bilen başlajakdygyny, festiwalde şeýle hem Balkan ýurtlarynyň aýdym-sazynyň tanymal aýdymçysy Şanteliň hem 17-nji sentýabrda çykyş etjekdigini nygtaýar.

“Haber Türk” gazeti: “Haýwan goraýjylar bu sergä” söz başyly habarynda, Halkara öý haýwanlary, harytlar we üpjün edijiler sergisiniň Stambulda, 8 müň inedördül metr bir ýerde, 120 markanyň gatnaşmagynda 4 gün dowamynda geçiriljekdigini mälim edýär. Gazet dabaranyň çäginde itleriň bäsleşikleriniň geçiriljekdigini we olaryň başarnyklarynyň görkeziljekdigini, Halkara pişik, guş, akwarýum dekorasiýa ýaly bäsleşikleriň hem geçiriljekdigini habar berýär. Habarda serginiň 3-nji sentýabrda öz gapylaryny açjakdygy ýazylýar.

“Milliýet” gazeti: “Köýjegizde şahyň mazarlary” söz başyly habarynda, Muglanyň Köýjegiz etrabyndaky gaýalykdaky mazarlaryň syýahatçylar tarapyndan örän uly gyzyklanma bildirilýändigini belleýär. Gazet 2 müň 400 ýyllyk mazarlaryň eserdeňlik bilen goralýandygyna, gelýän syýahatçylaryň mazarlaryň öňünde surata düşýändigine, mazaryň iň ulusynyň Izgender Zülkarneýiniň basyp almagy bilen gurluşygynyň ýarym galandygyna ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar