Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

370301
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.08.2015

“Hürriýet” gazeti: “60 ýurtdan 1000 işewür adam Ankarada jemlener” söz başyly habarynda, B20 Türkiýe geňeşiniň 3-5-nji sentýabr aralygynda Ankarada geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiği tarapyndan berilen beýanata görä TOBB-yň we B20-niň Türkiýe boýunça jogapgär ýolbaşçsy Rifat Hisarjyklyoglunyň ýolbaşçylygynda geçiriljek geňeş gatnaşjak işewür adamlaryň ykdysadyýetdäki meseleleri ara alyp maslahatlajakdy aýdylýandygyny belleýär. Gazet Türkiýäniň Prezidenti. R.T Erdoganyň hem gatnaşmagyna garaşylýan B20 Türkiýe geňeşine 60 ýurtdan 1 müňden gowrak işewür adamyň we maliýe dünýäsiniň wekilleriniň gatnaşjakdygyna ünsi çekýär.

“Sabah” gazeti: “Döwlete 4 milliard ýewro girdeji” söz başyly habarynda, Türkiýä 4 milliard ýewro girdeji getiren 4,5 G tendrine GSM operatorlarynyň ýagny Turkcelliň, Vodafoneniň we Aveanyň gatnaşandygyny nygtaýar. Habarda 13 ýyl möhlet bilen ygtyýarnama alan kärhanalaryň 1-nji aprelde hyzmat bermäge başlajakdygy ýazylýar.

“Watan” gazeti: “Braziliýaly Wotorantimden 140 million ýewro” söz başyly habarynda, merkezi Braziliýada ýerleşýän Wotorantim Kimentos kärhanasynyň Türkiýäniň Siwas welaýatynda 140 million ýewro gymmatlygynda täze siment desgasyny gurjakdygyny habar berýär. Gazet Wotorantim Kimentos kärhanasynyň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Walter Dissengeriň Türkiýäniň kärhananyň uzak möhletleýin goýan maýa goýumlarynda wajyp orun eýeleýändigini we desganyň 2017-nji ýylyň başynda işlemäge başlajakdygyny aýdandygyny belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Ýewropa Türkiýäniň banklaryny öwdi” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Merkezi bankynyň Türkiýedäki banklary öwendigini mälim edýär. Gazet Ýewropanyň Merkezi bankynyň Türkiýäniň bank ulgamynyň negatiw täsirlere çydamlydygyny, pudagyň kredit bermek ukybynyň gowydygyny, balansynyň güýçlidigni we düşewüntliliginiň ýokarydygyny ýazýar.

“Star” gazeti: “Tomus yssysynda gyş ertekisi” söz başyly habarynda, dünýäniň ýeke täk açyk söwda merkezi bolan Lalelä tomus yssysynda gyş gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “Bir gyş ertekisi” konsepti bilen geçirilen moda görkezilişigine adamlar tarapyndan gowy baha berilendigini belleýär. Habarda Laleli senagat we işewür adamlar jemgyýeti tarapyndan şu ýyl 4-nji gezek geçirilen “Laleli Fashion Shopping” festiwalyna 13 ýurtdan myhman gatnaşýandygy nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti: “Babadag 75 müň uçuş bilen rekord derejä ýetip barýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mugla welaýatynyň Fethiýe etrabyndaky tanymal paraplan paraşýut uçuş merkezi bolan Babadagda paraşýut bilen uçan adamlaryň sany geçen ýyla garanyňda 40 göterim artyp, 8 aýda 75 müň 721-e ýetendigini habar berýär. Gazet Babadag howa sporty güýç bileleşiginiň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Akif Aryjanyň: “Şu ýylyň ahyryna çenli şol sany 100 müňden hem geçirmek isleýäris” diýendigine ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar