Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

311578
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.08.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýeden görelde alyň” söz başyly habarynda, BMG-nyň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarlygynyň Ýewropadaky ofisiniň müdiri Winsent Joketeliň bosgunlaryň we migrantlaryň Gresiýadaky ilkinji duralgalary bolan Egeý adalaryndaky şertleriniň utandyryjydygyny nygtap, bosgunlar boýunça Türkiýäniň iň gowy göreldedigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Türkiýäniň dürli etraplarynda köp sanly bosguny kabul edip biljek lagerleriň bardygyny aýdan Joketeliň, şol lagerlerdäki üpjünçiliginiň hem gowudygyna ünsi çekendigini mälim edýär.
“Watan” gazeti “Stambulda halkara maslahatlarynyň sany 280 göterim artdy” söz başyly habarynda, Stambulyň Maslahatlar we syýahatçylar ofisiniň baş müdiri Özgül Özkan Ýawuzyň Stambulda geçirilýän halkara maslahatlarynyň sanynyň soňky 10 ýylda 280 göterim artandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Habarda Stambulyň geçen ýyl geçrilen 130 maslahat bilen dünýä boýunça 9-njy ýeri eýeländigini aýdan Ýawuzyň “Soňky 4 ýyldan bäri birinji 10-lukdaky maslahatlar şäherleriniň hatarynda orun alýan Stambul kabul eden 75, 864 gatnaşyjysy bilen dünýä boýunça 8-nji ýerde” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Star” gazeti “Parahatçylyk üçin 1915 gulaç” söz başyly habarynda, Çanakgala söweşleriniň 100-nji ýyllygy mynasybetli Türkiýäniň Milli olimpiada komiteti tarapyndan Gellipoli ýarym adasyndaky Anzak aýlagynda geçirilen çärede ýerli we daşary ýurtly 750 türgeniň parahatçylyga ünsleri çekmek maksady bilen söweşleriň başdan geçirilen ýyly sebäpli “1915” metr ýüzendiklerini ýazýar. Habarda gämide Çanakgala söweşlerinde şehit bolan Osman esgerleri we ýogalan basyp alyjy güýçleriň esgerleriň hatyralasyna hormatly dymyşlyk eden gatnaşyjylaryň dünýäde we Türkiýede başdan geçirilýän terrorçylykly hüjümleri protest etmek üçin “Ýok bolsun söweş” ýazylan lozunglary göterendigi mälim edilýär.
“Haber Türk” gazeti “Karstenszi hem zabt etdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň San Fransisko uniwersitetiniň mugallymy dosent doktor Gülnür Tumbadyň okeandaky 4884 metr belentlikdäki Karstensz depesine çykmagyň hötdesinden gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Günorta Amerika kontinentiniň iň belent depesi bolan Akonkauga we Demirgazyk Amerikanyň iň belent depesi bolan MakKinleýe çykan ilkinji we ýeke-täk türk zenany bolan Tumbadyň Karstenszde hem şol derejä eýe bolandygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti “Yssy, gaty yssy” söz başyly habarynda, meteorologiýanyň ýolbaşçylarynyň awgust aýynyň dowamynda ýyllygyň adatdakysyndan ýokary boljakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Habarda Türkiýäniň günorta-gündogar etraplarynda howanyň tempraturasynyň 40 gradusdan ýokarda boljakdygyny, onuň 44 gradusa çenli baryp ýetjekdigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar