Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.06.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

311205
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.06.2015


“Ýeni Şafak” gazeti “Global sergi ligasynda Türkiýe ilkinji onlukda” söz başyly habarynda Türkiýaniň Halkara sergi senagaty bileleşiginde ilkinji onluga girmegi başarandygyny ýazýar.
Gazet Halkara sergi senagaty bileleşiginiň Stambulda geçiren sergisine gatnaşan bileleşigiň Baş müdüri Paul Woodwardyň 10 ýyl ozal halkara söwda-da ady agzalmaýan Türkiýäniň 670 agzanyň arasynda ilkinji on ýurduň hatarynda ýer alýandygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.

“Star” gazeti “Türkiýe Ýewropada 27 ýurda görä has arzan” söz başyly habarynda Türkiýede nyrhlaryň Ýewropada 9 ýurda göra ýokary, 27 ýurda görä bolsa arzandygyny ýazýar.

“Milliýet” gazeti “Samsun tebigy gaz Ýewropadan baýrak aldy” söz başyly habarynda Gollandiýanyň paýtagty Amsterdamda geçirlen Powergen energetika sergisinde şu ýyl Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitiniň iň uly baýragyny Samsun tebigy gaz desgasy taslamasy bilen Jengiz energetika firmasynyň alandygyny habar berýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Rostow howa menziline türk şärik” söz başyly habarynda Russiýada guruljak 8 million ýolagçy mümkinçiligine eýe Rostow howa menziliniň gurluşyk işlerini rus şärigi Maraşstroý bilen birlikde Limak gurluşyk firmasynyň alyp barjakdygyny ýazýar.
Gazet firmalaryň iýun aýynyň ahyrynda Rostow howa menziliniň gurluşygy üçin şertnama baglaşjakdygyny ýatladýar.

“Sabah” gazeti “Temasek syýahatçylyk pudagy üçin Türkiýä gelýär” söz başyly habarynda Aziýanyň syýahatçylyk pudagynda esasy orun eýeleýän Singapurly Temasek firmasynyň Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyna maýa goýjakdygyna ünsi çekýär.

“Watan” gazeti “Türk alymyndan sap energetika” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetinde türk alymy Özgür Şahiniň ýolbaşçylygyndaky ylmy barlag toparynyň “bakterýa sporu” hökmünde tanalýan bakteriýa tohumyndan peýdalanyp bugdan sap energetika öndürmegiň ýollaryny oýlap tapandygyny habar berýär.

“Haber Türk” gazeti “Tanslarymyz İtaliýada” söz başyly habarynda döwlet opera we balet teatrynyň sungat ussady Özge Onat bilen İlhan Durgutyň İtaliýanyň Spoleta şäherinde geçirlen 25-nji Halkara tans bäsleşiginde birinji orny eýeländigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar