Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.05.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

296459
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.05.2015

Star” gazeti: “Transatlantigiň başdan sowma edilmegini kabul etmeris” söz başyly habarynda, Wise-Premýer Numan Kurtulmuşyň Hazar strategiýa instituty tarapyndan guralan “Türkiýäniň basdeşlik güýji we TTIP (Transatlantik söwda maýa goýum hyzmatdaşlygy)” atly maslahatda Türkiýäniň ÝB-e girmek üçin Gümrük Bileleşigine agza bolmak üçin beren talabynyň şol günüň syýasy netijelerine görä gyssagly hereket edilendigi hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Kurtulmyşyň mesele babatynda ÝB bilen ABŞ-nyň arasynda geçriljek transatlantik hyzmatdaşlyk duşuşygynyň Türkiýe üçin örän wajypdygyny nygtandygyny belleýär.

Sabah” gazeti: “Sambajylar Siwasy sebitiň merkezine öwürerler” söz başyly habarynda, ozal Roberto Karlosy futbol komandanyň baş tälimçiligine bellän Siwasyň, indi bolsa maýa goýum babatynda Wotorantim kärhanasy bilen örän uly taslama gol çekişendigini habar berýär. Gazet dünýäniň iň uly 8-nji sement öndürjisi bolan Braziliýanyň Wotorantim kärhanasynyň Siwasy öndürjilikde sebitleýin merkeze öwürjekdigini ýazýar. Habarda kärhananyň Siwasdaky taslamasy üçin 140 million ýewrolyk býujet aýyryp goýandygy, şäherde öňden hem bar bolan öndürjilik bazasynyň ýanyna iýun aýynda täze fibrikanyň düýbini tutup, girdejisini 42 göterim atrdyrmak maksat edinýändigi aýdylýar.

Ýeni Şafak” gazeti: “Jerime palestinaly çagalara beriler” söz başyly habarynda, ysraýylly esgerleriň hüjümine sezewar bolan Mawi Marmaranyň kazyýet işinden alynjak jerimäniň palestinaly çagalara beriljekdigini mälim edýär. Gazet gabaw astyndaky Gazza gumanitar kömegini alyp barmak üçin ýola çykan Mawi Marmara gämisiniň 5 ýyl ozal hüjüme sezewar bolandygyny we şol hüjümde halas bolan Mehmet Wuralyň başyndan geçiren hüjümine 5 ýyl geçsede ýadamandyklaryny we göreşlerini entek hem dowam etdirjekdiklerini aýdandygyny ýazýar. Habarda Wuralyň Ysraýyla we hüjümi guran esgerlere garşy gozgalan kazyýet işinde üstünlik gazanan halatlarynda alynjak jerimäniň palistinaly çagalara ugradyljakdygyny aýdandygy beýan edilýär.

Haber Türk” gazeti: “Ýyldyzlar Bursa festiwalynda” söz başyly habarynda, 25-nji maýda açylan “54-nji Halkara Bursa festiwaliniň” örän şüweleňli ýagdaýda geçýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda 15-nji iýuna çenli dowam etjek festiwalda Türkiýäniň tanymal aýdymçylarynyň çykyş etjekdigi aýdylýar. Gazet festiwalde dünýäniň tanymal rokçysy polşaly Marikanyň hem öz muşdaklarynyň öňünde aýdym-sazlaryny ýerine ýetirjekdigini nygtaýar.

Watan” gazeti: “3D suwagy bilen döwükler gowulaşýar” söz başyly habarynda, 29 ýaşyndaky türk dizaýner Deniz Karaşahiniň döwük bejergilerinde ulanmak üçin ýörite el suwag modeli "Osteoid Medical Cast-y" taýýarlandygyny we taslamanyň kömegi bilen döwük süňkleriň iň uly meselesi bolan suwagy 3D görnüşine öwürendigini habar berýär. Gazet “A'Design Award” bäsleşiginde altyn medala eýe bolan Karaşahiniň oýlap tapan el sargysy bilen ultrases titremeleriň döwük ýerlere barmagyny üpjün edýändigine we bejergini 80 göterim çaltlandyrýandygyna ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar