Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.05.2015

Gündelik gazetlerde dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giňişleýin orun berýär

274606
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.05.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Senagatda täze maksat Afrika we Ýewraziýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň senagat pudagyndaky täze iş meýilnamasynyň taýardygyny ýazýar. Gazet dört ýyllyk täze senagat strategiýasynyň orta we ýokary tehnologik önümlerde “Afrikanyň we Ýewraziýanyň grafika hem-de önümçilik merkezi bolmaklyk” hökmünde kesgitlenendigini mälim edýär. Habarda beýleki tarapdan 20 ýyl soň Gümrük bileleşigi ylalaşygyna üýtgetme girizlmegi barasynda Ýewropa bilen ylalaşan Türkiýäniň umytlydygy nygtalýar. Gazet Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň ylalaşylan ugurlarda üýtgetme edilmeginiň Türkiýäniň ÝB bilen gatnaşyklaryna uly goşant goşjakdygyny aýdandygyny ýazýar.
“Star” gazeti “Daşary ýurtlylar ýoluny saýlady, türk bazarlaryna isleg ýokarlady” söz başyly habarynda, ykdysadyýetde we syýasatda bar bolan durnuklylygyň daşary ýurtly maýadarlarda ynam döredendigini belleýär. Gazet türk lirasy bilen alynan aktiwlere uly gyzyklanmanyň bardygyny, daşary ýurt maýasynyň gelmegi netijesinde dollaryň hümmetiniň aşaklandygyny, biržanyň 1,23 göterim ýokarlandygyny, prosent stawkalarynyň hem ýarym bal aşaklandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “Ekerançylyk önümçiliginde dünýä boýunça 8-nji ýeri eýeledik” söz başyly habarynda, Ekerançylyk ministri Mehdi Ekeriň Türkiýäniň 61 milliard dollarlyk ekerançylyk önümçiligi bilen Ýewropada soňky 6 ýylda 4-nji ýerden 1-nji ýeri eýeländigini nygtap, şol görkezijilere görä dünýä boýunça 8-nji ýeri eýeländiklerini aýdandygyny ýazýar. Gazet ministr Ekeriň banklaryň ekerançylyk pudagyna berýän goldawynyň 50 milliard lira golaýlandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.
“Milliýet” gazeti “Ýewropadan Stambula tigir syýahatçylygy” söz başyly habarynda, Şwesiýadan Bolgariýa çenli bolan tigir ýolunyň Stambula çenli uzaldylmagynyň gün tertibine getirilendigini, taslamanyň syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşjakdygyny mälim edýär. Habarda tigir bilen Stambula syýahat etmek isleýänleriň sanynyň köp bolmagynyň ünsleri çekýändigi nygtalýar.
“Sabah” gazeti “Afrikaly syýahatçylara bir günlik Stambul arakesmesi” söz başyly habarynda, Turistiki otelçiler, maýadarlar we dolandyryjylar bileleşiginiň başlygy Timur Baýyndyryň Türk howaýollary bilen syýahat edýän afrikaly syýahatçylaryň Stambulda bir gijeligine düşlemegini göz öňünde tutýan meýilnamanyň üstünde işleýändigini aýdandygyny we “Biz taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin elimizden geleni ederis” diýendigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar