Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.05.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

257761
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.05.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “NATO-nyň Türkiýe beýanaty” söz başyly habarynda NATO-nyň Ýewropa Hyzmatdaş güýçleriniň serkerdesi Amerikaly general Filip Breedlowyň Ýewropa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky daşary ýurtly söweşiji meselesiniň tutuş Ýewropanyň meselesidigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Gazet Amerikaly generalyň “Bu mesele hyzmatdaşymyz Türkiýäni has ýakyndan gyzyklandyrýar, çünki sebitdäki wakalar Türkiýe serhedinde başdan geçirilýär. Türkiýedäki 1,6 milliondan gowrak bosgun bar we sebitdäki wakalar Türkiýä ýaramaz täsirini ýetirip biler”diýen sözlerine ünsi çekýär.
Gazet NATO-nyň Ýewropa Hyzmatdaş güýçleriniň serkerdesi Amerikaly general Filip Breedlowyň emma muňa garamazdan Türkiýäniň Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň esasy hyzmatdaşlaryndan biridigi hakyndaky sözlerini ýatladýar.


“Watan” gazeti “DAİŞ-e agza bolmak üçin ýola çykan 384 adam tussag edildi” söz başyly habarynda Stambulyň Terrorçylyga garşy göreş we milli howpsyzlyk müdürli tarapyndan Atatürk we Sabiha Gökçen howa menzilinde şübheli 1968 adamyň tussag edilendigini we şolardan 384-niň deport edilendigini ýazýar.


“Sabah” gazeti “Best Westerniň sebitdäki merkezi Türkiýe boldy” söz başyly habarynda azykdan gigena, telekomunikasiýadan transporta çenli birnäçe ugur boýunça iş alyp barýan halkara firmanyň Türkiýäni sebitleýin merkez hökmünde yglan edendigini ýazýar.
Gazet geçen ýyl 36 million syýahatçyny kabul eden Türkiýäniň, 4 müňden gowrak myhmanhanasy bolan we dünýäniň iň uly myhmanhanalaryna eýe bolan Amerikaly Best Western firmasynyň sebitleýin merkezi hökmünde saýlanandygyny nygtaýar.
Gazet Ýakyn Gündogarda täze açyljak myhmanhanalary bilen birlikde firmanyň syýasatynyň Stambulda kesgitlenjekdigini belleýär.


“Star” gazeti “Türkiýe saglyk turizminde ilkinji 10 ýurduň arasynda” söz başyly habarynda dünýäniň syýahatçylyk pudagyny gönükdirýän liderleriň Bütindünýä syýahatçylyk forumynyň çäginde Stambulda duşuşandygyny we pudak bilen baglanşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Dünýäde saglyk turizminiň çalt depginde ösýändigi nygtalan maslahatda Türkiýäniň hem saglyk turizminde dünýäde ilkinji 10-lukda ýer alýandygynyň nygtalandygyny belleýär.
Gazet geçen ýyl 450 müňe golaý hassanyň bejeriş maksady bilen Türkiýä gelendigini ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti “Lena Jhamamýan 15-nji maýda Stambulda” söz başyly habarynda siriýaly aýdymçy Lena Jhamamýanyň 15-nji maýda Stambulda konsert programmasy bilen çykyş etjekdigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar