Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.04.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

242905
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.04.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “360 gradus dessany” söz başyly habarynda, Çanakgala ýeňişiniň gazanylan giňişliginiň elektron formatda ýaýlyma beriljekdigini ýazýar. Gazet “Google Street Wiew” tarapyndan 360 dereje formatynda surata alynan ýadygärligiň we şehitlikleriň 24-nji aprelden başlap internet arkaly gezilip bilinjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Çanakgala ýeňişiniň 100-nji ýylynda durmuşa geçiriljek taslama bilen Gelibolu ýarym adasyndaky Taryhy milli goraghananyň 24 nokatdan görülip bilinjekdigi nygtalýar.
“Sabah” gazeti “İllinji aragatnaşyk hemrasy taýarlanýar” söz başyly habarynda, “Türksat” edarasynyň baş müdiri Ensar Gülüň “Türkiýäniň ilkinji ýerli aragatnaşyk hemrasy Türksat 6A-nyň öndürilmegi üçin Türkiýäniň Ylmy we Tehniki Barlaglar Guramasy TÜBİTAK-yň, Türk awiasiýa we kosmos senagaty TAİ-niň, Harby elektronik senagaty edarasy ASELSAN ýaly guramalaryň işe girişendigini” aýdandygyny ýazýar. Gazet hemranyň 354 adamyň iş alyp barmagynda 5 ýylda tamamlanjakdygyny mälim edýär.
“Star” gazeti “Uly maslahat Stambulda geçiriler” söz başyly habarynda, Stamulyň uly göwrümli maslahata ýer eýeçiligini etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet döwletlerin karta, kadastro we geografiki maglumatlar tehnologiýasy pudaklarynyň wekilleriniň “Bütindünýä kadastro maslahatynda” jemlenşjekdiklerini ýazýar. Habarda 85 ýurtdan üç müň adamyň gatnaşmagyndaky maslahatda 150 ylmy çykyşyň ediljekdigi, 24-nji aprele çenli dowam etjek maslahata 30-a golaý ýurtdan ministr derejesinde gatnaşygyň boljakdygy, maslahatyň netijesinde tehnologiýadan ýerlikli peýdalanýan türk kartagrafiýa we kadastro pudagynyň şeýlelikde dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik aljakdygy nygtalýar.
“Haber Türk” gazeti “Gurluşyk sergisi şu ýyl 111 müň adamy kabul eder” söz başyly habarynda, şu ýyl 38-njisi geçiriljek dünýäniň esasy sergilerinden biri bolan “Gurluşyk sergisi Turkeýbuildiň” Stambulda guralýandygyny ýazýar. Aprel aýynyň 21-25-i aralygynda TÜÝAP Sergi we maslahatlar merkezinde dowam etjek sergigä 105 ýurtdan 1250 firmanyň gatnaşjakdygy mälim edilýär.
“Watan” gazeti “7 gudrat şu ýyl Antalýada” söz başyly habarynda, şu ýyl 9-njysy geçiriljek “Halkara Antalýa gum heýkelleri festiwalynda” heýkelleriň ýasalmaga başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şu ýylky temasy “Düýäniň ýedi gudrady we mifologiýa” hökmünde kesgitlenen festiwalda 8 ýurtdan 20 heýkeltaraşyň heýkelleri ýasamak üçin iş alyp barýandygyny mälim edýär. Habarda jemi 10 müň tonna gum ulanylan 100-den gowrak heýkeliň 15-nji maýa çenli tamamlanmagynyň göz öňünde tutulýandygy, şu ýylky temanyň çäginde İskenderiýe maýagynyň, Keops piramidalarynyň, Rodos heýkelleriniň, Zewsiň heýkeliniň, Artemis ybadathanasynyň, Halikarnasyň mowzoleýiniň we Wawilonyň üzüm baglarynyň bardygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar