Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

241497
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.04.2015

Haber Türk gazeti: “Sürgüni başladan dokument” söz başyly habarynda, ermenileriň sürgün edilmegini başladan hat Baş Ştabyň arhiwindedigini habar berýär. Gazet 1915-nji ýylyň 27-nji maýynda kabul edilen “Sürgün kanunynyň” şol wagtlar ruslara garşy söweşen 3-nji goşunyň serkerdebaşysy Mahmud Kamil Paşa tarapyndan Stambula gizlin ýazgy bilen ýazylan hatyň esasynda kabul edilendigini mälim edýär. Habarda Serkerdebaşynyň: “Ýaragly ermeniler goşunymyza ummansyz zeper ýetirmäge başlady. Gündogar Anadolydaky ermeniler duşamlarymyzyň tarapyna geçýär, garakçy toparlary döredip ýollarymyzy kesýärler. Asuda halky öldürýärler we talaýarlar. Biziň ermenileri sürgün etmekden başga çärämiz ýok” diýendigine ünsi çekýär.
Sabah gazeti: “Diňe 3 ermeni 1915-nji ýylyň taryhy bilen baglanşykly arhiwleri derňedi” söz başyly habarynda, 1915-njy ýyldaky wakalar bilen baglanşykly arhiwdäki maglumatlar barada beýanat beren Döwlet arhiw gyllugynyň baş müdüri Ugur Ünal: “Taryhy maglumatlara görä Birinji Jahan urşynda Anadolynyň gündogarynda diňe ruslaryň we ermenileriň hüjümleri sebäpli 701 müň 166 adam ýogaldy. Biziň arhiwlarymyz ähli adamlar üçin açyk. Arhiwlarymyzdaky 1915-nji ýylda bolan taryhy maglumatlary 51 daşary ýurtly adam derňedi. Olaryň arasynda diňe 3 sany ermeni raýaty bar” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Ýeni Şafak gazeti: “Iň gowy jogap Aýasofýany ybadata açmak” söz başyly habarynda, Osmanly türkmenleriniň neberesi Kaýhan Osmanogly, Rim Papasynyň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly beren beýanatyna garşy öz garaýşyny bildirendigini mälim edýär. Habarda Osmanoglynyň: “Rim Papasyna beriljek iň gowy jogap Aýasofýany ybadat üçin açmak. Aýasofýa metjidinde Fatihiň ynanç haty bar. Meň pikirimçe iň gowy jogap Aýasofýany ybadata açmak. Osmanly türkmen döwleti darganyndan soň, Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky halklaryň asudalygy bozuldy” diýendigi ýazylýar.
Star gazeti: “Dünýäniň iň uly çigildem halysy” söz başyly habarynda, Stambul häkimligi tarapyndan guralan “Çigildem festiwaliniň” çäginde 545 müň çigildemden 262 metr uzynlygynda halynyň ýasalandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet dünýäniň iň uly çigildem halysynyň 10 günüň dowamynda Stambulyň Soltanahmet meýdançasynda sergilenjekdigini mälim edýär. Habarda Stambul şäher häkimi Kadir Topbaşyň: “Çigildem Beýik Biribaryň adamlara nähili gözellikleri bagyş edendigini görkezýär” diýendigi bellenýär.
Watan gazeti: “Zenanlar W20-ä doly goldaw berýär” söz başyly habarynda, G-20-niň çäginde ilkinji gezek gurljak we zenanlaryň iş dünýäsindäki roluny we täsirliligini artdyrmagy maksat edinilýän W20 (Zenan 20) adyndaky işewür topara türk işewür zenanlary tarapyndan doly goldaw beriljekdigini habar berýär. Habarda Türkiýe işewür aýallary jemgyýetiniň (TİKAD) başlygy Nilüfer Bulutyň: “Zenanlaryň iş üpjünçiligi taýdan we zenanlaryň iş ýerlerdäki gatnaşygyny artdyrmak maksady bilen döredilen bu gurama bütin dünýä görelde bolar” diýendigine ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar