Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.04.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

239650
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.04.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Görmez BMG-na “ahlagy” gürrüň berer” söz başyly habarynda, Respublikanyň taryhynda ilkinji gezek Din işleri guramasynyň başlygynyň BMG-da çykyş etjekdigini ýazýar. Habarda, Din işleri guramasynň başlygy Mehmet Görmeziň Muhammet Pygamberiň doglan gününe bagyşlanan hepdeligiň temasy hökmünde kesgitlenen “Hezreti Pygamber we bilelikde ýaşaşma ahlagy” barada dünýä liderleriniň öňünde çykyş etjekdigi nygtalýar. Gazet aprel aýynyň 21-22-si aralygynda Nýu-Ýorkda geçiriljek maslahatda Din işleri guramasynň başlygy Mehmet Görmeziň BMG-da musulman dünýäsine wekilçilik etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Kiçi we orta ululykdaky kärhanalar köpçülikleýin weksel eksport eder” söz başyly habarynda, Türkiýede we Ýewropada ilkinji gezek KOUK tarapyndan ediljek köpçülikleýin weksel eksporty üçin Birža Stambulda teswirnama gol çekişilendigini mälim edýär. Gazet Maýa goýum şertlerini kadalaşdyryş boýunça utgaşdyryjy toparyň KOUK-yň maliýe bazarynyň serişdelerinden peýdalanmagyny nazarda tutýan iş meýilnamasynyň çäginde garaşsyz derňewden geçen we maýa goýulmaga mynasypdygyny delillendiren kärhanalaryň eksport etjek weksellerini telekeçi maýa goýum gaznalary tarapyndan satyn alynjakdygyny ýazýar.
“Star” gazeti “İntesa Sanpaolo banky Türkiýede ilkinji şahamçasyny açdy” söz başyly habarynda, şu günki güne çenli Türkiýedäki işlerini Stambuldaky wekilhanasy arkaly alyp baran iltalian banky “İntesa Sanpaolonyň” ilkinji şahamçasyny Stambulda açandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “İň halanýan şäher Stambul” söz başyly habarynda, merkezi ABŞ-da ýerleşýän “Tripadwisor” guramasy tarapyndan geçirilen sowalnamada Ýewropa toparynda “İň halanýan 25 şäher” sanawynda birinji ýerde Stambulyň, 8-nji ýerde bolsa Kapadokiýanyň Göreme şäheriniň orun alandygyny nygtaýar. Gazet “Trawellers Çois” baýragyna laýyk görülen Stambuly birinji orna göteren esasy özboluşlyklaryň başynda haýran galdyryjy gurluşynyň, eýe bolan taryhy we medeni mirasynyň, geografiki ýerleşişiniň, myhmanhanalarynyň, aşhana medeniýetiniň we özüne çekiji aýratynlygynyň durýandygyny mälim edýär.
“Hürriýet” gazeti “Kanda abraýly baýrak” söz başyly habarynda, dünýäniň belli TW sergisi MİPTW-niň” guramaçysy Rid Midemiň telewizion dünýäsine uly goşantlar goşan ýokary derejeli ýolbaşçylara berilýän “MİPTW” abraý medalyny” şu ýyl ilkinji gezek bir türke laýyk görendigini ýazýar. Gazet Fransiýanyň Kan şäherinde geçirilen baýrak gowşurlyş dabarasynda baýragyň “Dogan TW Holding A.Ş-niň” ýolbaşçysy İrfan Şahine gowşurylandygyny habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar