Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

234191
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.04.2015

  Ýeni Şafak gazeti: “Türkiýe energetika pudagyndaky ösüş boýunça dünýäde 2-nji orunda” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň: “Türkiýe energetika pudagyndaky ösüş boýunça dünýäde Hytaýdan soň 2-nji orunda. Türkiýe ÝB ýurtlarynyň arasynda tebigy gazy iň arzan alýan, elektrik toguny iň arzan satýan 3-nji ýurt. Ösüp barýan Türkiýäniň ösen energetika pudagy bolamaly. Energetika pudagymyzy çalt depginler bilen ösdürmeli” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

  Milliýet gazeti: “3T Tehnologiýa merkezi Türkiýede baza gurdy” söz başyly habarda, dünýäniň ady belli tehnologiýa we ylmy-barlag merkezleriniň biri bolan RWTH Aşen uniwersitetiniň ITA ylmy-derňew merkezine degişli bolan 3T Tehnologiýa merkezi Türkiýäniň Bursa şäherinde baza açandgyny mälim edýär. Habarda merkeziň ýel energiýasynda ulanylýan perik, ýürek klapany we dokma pudagynda ulanylýan innowasiýa harytlary ýaly ugurlardada iş alyp barýandygy we öndürýändigi bellenýär.

  Star gazeti: “Antalýa ýyldyzlar ýagar” söz başyly habarynda, dünýäniň çar tarapyndan zenan golf türgenleriniň maý aýynda Antalýada geçiriljek Ýewropa zenanlar golf bäsleşigine geljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şu ýyl 7-nji gezek geçiriljek Ýewropa zenanlar golf bäsleşiginiň 17-20-nji maý aralygynda Belekde geçiriljekdigini habar berýär. Habarda Ýewropanyň ilkinji we ýeke-täk ýagtylandyrylan golf meýdançasy "Karýa Golf"-da geçiriljek bäsleşige, ady belli golf türgenleriniň gatnaşjakdygy ýazylýar. Gazet syýahatçylyk pudagynyň ösmegi üçin wajyp bolan bu bäsleşigiň aýratynlyklarynyň biri hem 500 müň ýewrolyk baýrakdygyny ýazýar.

  Haber Türk gazeti: “Şwesiýa Melisa atly türk gyza haýran” söz başyly habarynda, Şwesiýada dogulan Melisa Doganaýyň (12) sport we tans bäsleşiklerinde gazan üstünlikleri sebäpli şwesiýalylaryň oňa haýrandygyna ünsi çekýär. Gazet Şwesiýada "Monster Girl (Janawör gyz) lakamy bilen tanalýan Melisanyň, soňky gezek hem Halkara tans bäsleşiginde 1-nji oruna mynasyp bolandygyny mälim edýär.

  Watan gazeti: “Dünýäniň iň meşhur iki adamy” söz başyly habarynda, Time žurnaly tarapyndan her ýyl guralýan “Dünýäniň iň meşhur 100 adamy” atly sowalnama görä Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Günorta Koreýanyň 2NE1 rep aýdym-saz toparynyň solisti Li Çaeniň deň bal alyp ikisiniň hem 1-nji oruna mynasyp bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň sowalnamanyň 11-nji orundadygyny, Türkiýeden bolsa diňe Prezident R.T. Erdoganyň sanawda orun alandygyny habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar