Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.03.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

289356
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.03.2015

Watan gazeti: “Hezreti Isanyň ybadathanasyny Türkiýe abatlar” söz başyly habarynda, Türk Hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullugy TİKA-nyň Hezreti Isanyň dogulan ýeri bolan Natiwiti (Täzeden doguluş) ybadathanasynyň abatlaýyş işleri üçin Palestinanyň hökümetine 100 müň dollar möçberinde kömek berjekdigini mälim edýär. Gazet Palestinanyň Beýtullahim şäherinde ýerleşýän ybadathananyň geçmişde ýumrulma howpyny başyndan geçirendigini we Palestin hökümetiniň ybadathananyň abatlaýyş işleri üçin Türkiýeden kömek sorandygyny belleýär.

Sabah gazeti: “Öz güýji bilen okeany geçer” söz başyly habarynda, 19-njy maýda Nýu-Ýorkdan kürekläp başlajak türk jahankeşdesi Erden Eruçuň, Dardanel deňiz söweşiniň 101-nji ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere çenli Gelibola gelip ýetmegi meýilleşdirýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Eruçuň öz güýji bilen bütün dünýäni gezip, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrandygy aýdylýar. Gazet Eruçuň awstraliýaly dosty bilen Atlantik okeanyny we Ortaýer deňizini 10 aýda geçmegi maksat edinýänidigi habar berýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Çigildem festiwali Stambuly reňklere büreýär” söz başyly habarynda, Stambul Çigildem festiwaliniň 11-nji aprelde başlajakdygyny mälim edýär. Gazet festiwalda dünýäde ilkinji gezek çigildem halysynyň sergilenjekdigine ünsi çekýär. Habarda 10-njy Çigildem festiwali mynasybetli Stambulyň ençeme ýerinde millionlarça çigildemiň ekiljekdigi bellenýär. Gazet 30-njy maýa çenli dowam etjek festiwal sebäpli Stambulyň ähli ýerinde çigildem gülleriniň açyljakdygyny we dünýäde ilkinji gezek 545 müň çigildemden ybarat boljak “Çigildem Halysynyň” Soltanahmet meýdançasynda ýerleştiriljekdigini mälim edýär.

Haber Türk gazeti: “Maksat Dünýä rekordyny goýmak” söz başyly habarynda, Stambulyň şäher häkimligi tarapyndan guraljak we 10 müň adamyň gatnaşmagyna garaşylýan “Stambul ýarym marafonynda” şu ýyl dünýä rekordyny goýmagyň maksat edinilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda 9 ýurtdan 26 ady belli türgeniň gatnaşjak we 26-njy aprelde geçiriljek marafona erkelerden keniýaly Wilson Kipropyň we efiopiýaly Deriba Merganyň, zenanlardan bolsa ýarym marafon boýunça dünýäniň soňky çempiony keniýaly Gladys Çeronanyň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Star gazeti: “Bäsleşigi goý bolsun edip, gyrga kömek etdi” söz başyly habarynda, Dünýäniň ady belli syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Kapadokiýada bolan Halkara Ugry kesgitleme bäsleşiginde 9 ýaşly çaganyň sporduň sylykatlylykdygyny ýatladandygyny habar berýär. Habarda bäsdeşleri bilen bilelikde ýaryşan Ismail Enesiň ýaraly gyrgyny tapandygy we ony halas etmek üçin bäsleşikden çykandygy aýdylýar. Gazet Enesiň ýaraly gyrgyny geýimine sarap, bäsleşigiň soňky nokadyna getirendigini we bäsleşigiň “Iň salykatly türgeni” hökmünde saýlanandygyny mälim edýär.

Haber Türk gazeti: “Uçarman näme üçin terrorçy däl” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň we Ýewropanyň “Germanwings howa ýollaryna” degişli uçary Baş uçarmanyň kömekçisi Andreas Lubitziň bilkastlaýyn ýere gaçyrandygyny beýan edendiklerini we Lubitze näme üçündir terrorçy diýmezlik üçin köp tagalla edilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda bu jedeliň Türkiýä hem syçyrandygyny ünsi çekýär. Gazet hünärmenleriň käbirleri “Lubitz Ýakyn Gündogarly bolsady terrorçymy diýilip barlanardy”, käbirleri bolsa “Geçmişde syýasata goşulmanlygy sebäpli şol pikiri güýçden gaçyrýanlygy” garaýşyna eýedigi bellenýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar