Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.03.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

286414
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.03.2015

Star gazeti: “Mejlis Ýewropa parlamentine 1915-nji ýylyň taryhy resminamalaryny görkezdi” söz başyly habarynda, Ýewropa parlamentinde 24-nji aprelde gün tertibine hödürlenjek ermeni taslamasyndan öň Türkiýäniň mejlisiniň deputatlary Brýussele baryp 1915-nji ýylyň taryhy resminamalaryny görkezendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet duşuşykda Osman arhiwlerindäki “Diwany Harp” atly taryhy resminamalary we şol döwüriň kartalaryny görkezendiklerini habar berýär. Gazet Osman döwletiniň hökümetiniň ermenileri göçüren mahaly olara zeper ýetirenleri jezalandyrandygyny, şol ýyllarda ençeme ermeniniň epidemiýa, açlyk we kürt taýpalarynyň hüjümleri sebäpli ýogalandygyny subut edýän taryhy resminamalaryň görkezilendigini belleýär.
Sabah gazeti: “Tälim ber-üpjün et meýilnamasy aprelde başlar” söz başyly habarynda, siriýaly oppozisionerlere harby taýdan tälim berilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin aprel aýynda ABŞ-dan wekilleriň Ankara geljekdigini mälim edýär. Gazet Kyrşäherde başlajak tälimlerde oppozisionerleriň ABŞ-nyň Stinger roketalarynyň ulanylşyny öwrenjekdigini, meýilnama üçin Siriýanyň demirgazyk sebitlerinde oppozisionerleriň arasyndan seçip alyş işleriniň dowam edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Ýeni Şafak gazeti: “Ägirt uly taslama we teklip” söz başyly habarynda, Nikaraguanyň Panama kanalynyň demirgazygynda kontinentleriň arasyndaky gämi hereketlerini çaltlandyrjak taslamany durmuşa geçirjekdigini habar berýär. Gazet Nikaraguanyň Prezidenti Daniel Orteganyň ýörite ministri Dr. Paul Okuist Kelleýiň Stambul kanaly taslamasyna taýarlyk görýän Türkiýäniň işewür adamlaryny maýa goýmaga çagyrandygyny ünsi çekýär. Gazet Kelleýiň: “Taslamanyň çäginde 2 deňiz menzil, 2 erkin söwda zolak, 1 howa menzili, demir ýol taslamalary we şuňa meňzeş ençeme infrastruktrukturalar gurular. Türkiýe şol taslamalara gatnaşyp biler” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatya ýetirýär.
Milliýet gazeti: “Türkiýede mikro çip fabrigi gurular” söz başyly habarynda, Ylym, senagat we tehnalogiýa ministri Fikri Yşygyň Türkiýede mikro çip fabriginiň guruljakdygyny habar berendigini belleýär. Gazet ministr Yşygyň Goranmak senagatyndaky taslamalaryň howpsyzlygy üçin guruljak fabrigiň TÜBİTAK we Goranmak senagaty geňeşi bilen bilelikde amala aşyrjakdygyny mälim edendigini ünsi çekýär.

Haber Türk gazeti: “Çempionlara 150 million ýewro” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň 3 ýyllyk Çempionlar ligasynyň hemaýatkärligi üçin 150 million ýewro tölejekdigini mälim edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet THÝ-niň wekilleriniň gepleşikleriň entegem dowam edýändigni, ylalaşykdan soň Çempionlar ligasyndaky esasy 5 hemaýatkäriň biri boljakdygyny we uçarlaryň biriniň Çempionlar ligasynyň logotipine görä reňklenjekdigini habar berendigini belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar