Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.03.2015

Türkiýäniň we dünýäniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

285298
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.03.2015

Ýeni Şafak gazeti: “Ýemendäki söweşler uzak wagt dowam etmez” söz başyly habarynda, 29 agzasy bolan “Halkara energetika gullugynyň” (IEA) ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlyklygyna ýaňy-ýakynda saýlanan Fatih Birolyň Ýemeniň dünýäniň energetika üpjünçiliginde esasy rol oýnaýandygyny we söweşiň täsirleri barada Ýeni Şafak gazetine beýanat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Ýemendäki söweşleriň uzak wagt dowam edip bilmejekdigini aýdan Birolyň: “Ýakyn Gündogar dünýäniň energetika pudagynyň merkezi bolmaga dowam eder” diýendigini belleýär.


Star gazeti: “Türkiýä daşary ýurtlardan işlemek üçin gelýänleriň sany köpelýär” söz başyly habarynda, 2008-nji ýylda başdan geçirlen global ykdysady çökgünlik sebäpli ösen ýurtlaryň hususy kärhanalaryndan çykarylan işgärleriň, Türkiýe ýaly ösüp barýan ýurtlara gelendigine ünsi çekýär.
Gazet Türkiýede geçen ýyl daşary ýurtly 52 müň, soňky 12 ýylyň dowamynda bolsa 224 müň adamyň işe ýerleşendigini habar berýär.
Gazet Türkiýede iň köp Gruziýalylaryň işe ýerleşendigini, türkleriň bolsa iş üçin esasan hem Russiýa gidendigini mälim edýär.


Sabah gazeti: “Türkiýe EXPO-nyň iň uly 5-nji stendine eýe bolar” söz başyly habarynda, EXPO Milan 2015 sergisiniň “Dünýäni iýmit bilen üpjün etmek, durmuş üçin energiýa” ýörelgesi bilen 1-nji maýda açyljakdygny, 145 ýurduň gatnaşjak sergisinde azyk we iýmit pudagynyň gazanan üstünlikleriniň görkeziljekdigini habar berýär.
Gazet serginiň 4 müň 170 inedördül metr meýdanda geçiriljekdigini we Türkiýäniň EXPO-nyň iň uly 5-nji stendine eýe boljakdygyny mälim edýär.
Watan gazeti: “ TAV Hýustonda Duty free açar” söz başyly habarynda, TAV hususy kärhanasynyň ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäheriniň George Buş howa menzilinde ýerleşýän, meýdany 700 inedördül metr bolan Duty free dükanyny 10 ýyl möhlet bilen dolandyrjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Sabah gazeti: “Kaýalar dünýäni boýar” söz başyly habarynda, Türkiýedäki we Ýewropadaky maýa goýumlary bilen ünsleri özüne çeken “Kaýalar Himiýanyň” iki materikde täze iki sany fabrik gujakdygyny habar berýär.
Gazet 2012-nji ýylda Malaga şäheriniň golaýyndaky Gralsa adyndaky boýag fabrikasyny ispan maşgaladan satyn alandygyny, indi bolsa Aziýanyň günortasynda we Afrikanyň merkezine maýa goýjakdygyny mälim edýär.
Gazet kärhananyň başlygy Ersin Kaýalaryň harytlaryny 4 materikde satjakdygyny aýdandygyny belleýär.


Milliýet gazeti: “Global ýylylyga garşy garaňkylyk” söz başyly habarynda, Bütün dünýäniň 1 sagatlyk çyralary öçürip goldaw berýän “Dünýä sagaty” çäresine Türkiýäniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygyny, şol sebäpli bu gün 20:30-21:30 sagatlar aralygynda howa menzillerinde we milli köşklerde çyralaryň öçüriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Haber Türk gazeti: “Duran ýüregi işledip türke geçirdiler” söz başyly habarynda, iňlis lukmanlaryň ýogalan iňlis adamyň duran ýüregini alyp, türk hassa geçirendiklerini, ýüreginde dogabitdi näsazlyk bolan Hüseýin Ulujanyň saglygynyň gowudygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet şeýle operasiýanyň Ýewropada ilkinji gezek geçirilendigini ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar