Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.03.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

279263
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.03.2015

“Sabah gazet”: “Ýerli seýsmik gämi deňize goýberiler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň polýuslarda we okeanlarda nebit gorlaryny tapmak üçin gözleg-agtaryş işlerini geçirjek gäminiň öňümizdäki hepde deňize goýberiljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet gämide halkara ülňülerine laýyk gelýän dik uçar gonalgasynyň boljakdygyny habar berýär. Habarda “Turkuaz” gämisiniň kenarýaka şelflerden başgada Gara deňizde, Egeý deňizinde, Ortaýer deňiziniň gündogar sebitlerinde, okeanlarda we polýuslarda nebit we tebigy gaz gorlaryny tapmak üçin gazuw-agtaryş işlerini geçirip biljek mümkinçiligine eýedigi mälim edilýär. Gazet gäminiň mundan başgada, ýer titreme kartasyny düzüp biljekdigini, howanyň üýtgemegi, deňiziň hapalanmagy, deňiziň düýbündäki janly-jandarlaryň ýaşaýyşy ýaly ugurlarda ylmy-barlag işlerini geçirip biljekdigini belleýär.
“Ýeni Şafak” gazeti:”Türk howa ýollaryna 600 uçarman alynar“ söz başyly habarynda, THÝ tarapyndan berilen beýanatda, 2015-nji ýylda 600 uçarmanyň alynjakdygyny habar berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet uçarmanlaryň saýlanmagy üçin 26-27-nji martda İspaniýanyň paýtagty Madritde synag geçiriljekdigini belleýär. Gazet 264 ýolagçy we ýük daşaýan uçary bolan we “Dünýäniň iň gowy howa ýollary” hökmünde saýlanan THÝ-niň ukyply uçarmanlar bilen işleşmek isleýänigini beýan edendigini ýazýar. Gazet THÝ-niň 2016-njy ýylda-da 600 uçarmany aljakdygyny nygtaýar.
“Haber Türk” gazeti: “Dünýäniň ilkinji astronomiýa mekdebi” söz başyly habarynda, Seljuk türkmen döwründe Kyrşäherde Emiri Nurettin Jibril Jajabeý tarapyndan astronomiýa we älem ylmy-barlag merkeziniň gurulandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Jajabeý metjidiniň we medresesiniň owadanlygynyň görenleri haýrana galdyrýandygyny ünsi çekýär. Gazet UNESCO-nyň medeni miras sanawyna degişli edilen 800 ýyllyk taryhy medresede günüň, aýyň we ýyldyzlaryň hereketlerine gözegçilik edilendigini habar berýär. Gazet dünýäniň ilkinji astronomiýa mekdebi bolan bu medresede partlan jisimleriň, günüň, aýyň we planetalayň närselerini, howlusynda bolsa gözegçilik guýusyny, fonari we gözegçilik diňini görmek bolýandygyny habar berýär.
“Star” gazeti: “Türkleriň 82 göterimi öz işiniň eýesi bolmak isleýär” söz başyly habarynda, ÝB-niň resmi Eurobarometer guramasynyň geçiren sowalnamasyna görä, Türkiýede telekçiligiň 82 göterime çenli ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet sowalnama hakynda maglumat beren Ylym, senagat we tehnalogiýa ministri Fikri Yşygyň: “ÝB ýurtlarynda 37 göterim adam öz işiniň eýesi bolmak isleýär, ABŞ-da 45 göterim, Hytaýda 56 göterim, Braziliýada 63 göterim, Türkiýede bolsa 82 göterim” diýendigini mälim edýär.
“Watan” gazeti: “Türkiýe 111 milliard dollarlyk oýun pudagynda işjeň oýunçy bolmak üçin özüne ýorelge taýarlaýar” söz başyly habarynda, ýörelge, oýun pudagyny ösdürmekden, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, pudaga gerek bolan işgärleri taýarlamakdan we uniwersitetler bilen meseleler barasynda gatnaşyklary saklamakdan ybarat boljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ösüş ministrliginiň hem oýun pudagynyň kämilleşmegi üçin goldaw berjekdigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar