Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.03.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

274990
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.03.2014

Watan gazeti: “Zeýbekji: Gümrük bileleşigi ylalaşygy ýaňadandan seljeriler” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň Gümrük bileleşigi ylalaşygy babatynda ÝB bilen resmi gepleşiklere 2016-njy ýylda ýaňadandan başjakdygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýäniň ÝB bilen ABŞ-nyň arasynda gol çekişiljek Transatlantik söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin edýän tagallalarynyň netije bermäge başlandygyny habar berýär.
Gazet, ozal “ÝB-däki dostlaryma ýüzlenýärin, bu ylalaşyga gol çekişilende Türkiýe bu ylalaşygyň içinde bolmasa biz Gümrük bileleşigi dowam etdirip bilmeris. Ýa Gümrük bileleşigini wagtlaýyn togtadarys ýada başga bir mesele ýüze çykar, diýip duýduryş beren Nihat Zeýbekjiniň: “Gümrük bileleşigi ylalaşygy babatynda Türkiýäniň tezisiniň kabul edilendigini” nygtandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Star gazeti: “Halkbank Serbiýanyň Cacanska bankyny satyn aldy” söz başyly habarynda, Halkbankyň Serbiýanyň Cacanska bankynyň 76,76 göterim paýyny satyn alandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Serbiýanyň käbir sebitlerinde şahamçalary bolan Cacanska bankynyň 11 welaýatda 23 şahamçasynyň we jemi 390 işgäriniň bardygyny mälim edýär.
Sabah gazeti: “ Türkiýe 60 ýurduň arasynda lider” söz başyly habarynda, “MasterCardyň” hemmetaraplaýyn ösüş merkezi tarapyndan, ösen ýurtlaryň ykdysadyýetiniň geljekdäki ösüş kuwwatyny anyklamak üçin geçirilen barlaglaryň netijelerini çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet “MasterCard Global ykdysadyýetiň” geňeşçisi Prof. Dr. Ýuwa Hedrik Wongyň ýolbaşçylygynda taýarlanan “Ösen ýurtlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň görkezijileri” atly hasabata görä, Türkiýe dünýäde ykdysady taýdan ösen 60ýurduň arasynda 60,6 bal bilen iň ýokary ösüş görkezijisine eýe ýurtdygyny mälim edýär. Gazet hasabatda Türkiýäniň geljkede hem ýokary ösüş depginlerine eýe boljakdygyny nygtaýar.
Ýeni Şafak gazeti: “THÝ-niň başlangyjy” söz başyly habarynda, THÝ-niň bütün dünýäniň garaşýan El-Klasiko oýunyny, başgaça aýdanymyzda Real Madrid-Barselona oýunyny göni ýaýalym arkaly 17 halkara uçar saparlarynda görkezjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet takmynan 6 müň ýolagçynyň tomaşa etjek oýunynyň, ýolagçy ekranynyň “Planet TV” bölüminde görkeziljekdigini habar berýär.
Milliýet gazeti: “Demirgazyk buzly okeanyň buzlary çaltlyk bilen ereýär” söz başyly habarynda, amerikaly hünärmenleriň Demirgazyk buzly okeanyň buzlarynyň gyş aýlaryndaky ereýişiniň rekord derejelere ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Kolorado uniwersitediniň Milli gar we buz maglumatlar merkeziniň (NSIDC) şu ýyl buz derejesiniň 14,5 million inedördül kilometre çenli baryp ýetendigini mälim edendigini belleýär.
Gazet emeli hemra tarapyndan kesgitlenen görkezijilere görä 1979-njy ýyldan bäri alynan iň pes görkezijidigini nygtandygyny mälim edýär.
Gazet ýaňy-ýakynda geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde, Demirgazyk buzly okeandaky buzyň derejesiniň 1975-2012 ýyllar aralygynda 65 göterim azalandygyny habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar