Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.03.2015

Dünýäniň we ýurduň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

270778
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.03.2015


“Haber Türk” gazeti: “Asadyň elini gysmak, Gitleriň elini gysmak bilen deňdir” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Siriýa barada alyp barýan syýasatlaryny üýtgeden we Asad bilen gepleşik geçirmek isleýän ABŞ-ny we Ýewropany tankyt edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gazet Dawutoglynyň: “Asadyň elini gyssaňyz ol eli taryhyň sahypalaryndan aýyryp bolmaz. Asadyň elini gysmak, Gitleriň, Miloşewiçiň, Saddamyň elini gysmak bilen deňdir. Asadyň elini gysanlar Ýakyn Gündogarda başdan geçirlip bilinjek ähli zulumyň jogapkäridir” diýendigini mälim edýär.
“Star” gazeti: “Energetika pudagynyň öňdebaryjylary Türkiýede duşuşar” söz başyly habarynda, Ýewropanyň ikinji Türkiýäniň bolsa iň uly energetika we ekologiýa sergisi ICCI 2015 ýakyn wagtda başlajakdygyny okyjy köpçüligiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet 6-8 nji maý aralygynda Stambul sergi merkezi Ýaşylöýde açyljak ICCI 2015 Halkara energetika we ekologiýa sergisine ýerli we daşary ýurtly 450-ä golaý firmanyň gatnaşjakdygyny belleýär.

Gazet serginin ABŞ-yň, Hytaýyň, Daniýanyň, Günorta Koreýanyň, Hindistanyň we beýleki ençeme döwletiň firmalaryny türk energetika pudagynyň öňdebaryjylary bilen duşuşdyrjakdygyny mälim edýär.

Gazet Türkiýäniň energetika mätäçligi üçin 2023-nji ýyla çenli 120 milliard dollarlyk maýa goýmagy maksat edinilýändigini we şol sanyň sergä gatnaşjak firmalaryň özüne çekjekdigini habar berýär.
Ýeni Şafak gazeti: “Fransiýadan musulmanlary garalama” söz başyly habarynda, her pursatda metbugat azatlygy barada söz edýän Günbatarly döwletleriň öz ýurtlarynyň howpsuzlygy üçin çäk bilmeýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gazet ençeme döwletiň terrora garşy göreş bahanasy bilen musulmanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirýändigini mälim edýär.


Gazet Musulmanlaryň azatlyklaryna garşy söweş açan ýurtlaryň hataryna Fransiýanyň hem goşulandygyny habar berýär.
Gazet Fransiýada terrorçylyga garşy göreş bahanasy bilen musulmanlaryň käbir internet saýtlarynyň ýapylandygyny nygtaýar.

Gazet Fransiýanyň Içeri işler ministrliginiň musulmanlaryň 5 internet saýtyny ýapandygyny belleýär.
Watan gazeti: “Türkiýe Merkezi bank FED-iň sabryny barlady” söz başyly habarynda, dünýäde ünsleriň ABŞ-nyň Merkezi banky FED tarapyndan beriljek beyanata gönügendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti: “Ýaşaýyş jaýlarynda içerki talap köpeler” söz başyly habarynda, Halkara kredit derejelendiriş guramasy Standard & Poors-yň habarnamasyna görä Türkiýede 2015-nji ýylda ýaşaýyş jaýlaryň satuwynda içerki talabyň köpeljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gazet habarnamada daşary ýurtlylaryň 2015-nji ýylda Türkiýede ýaşaýyş jaýy satyn almaga dowam etjekdigini, öz raýatlarynyň arasynda hem yaş ilatyň sanynyň köplügi sebäpli içerki talabyň hem köpeljekdigini belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar