Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.03.2015

Dünýäniň we ýurduň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

266051
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.03.2015

“Star“ gazeti, “Baş ştabyň arhiwinden Çanakgala destany“ söz başyly habarynda, Baş ştabyň Başlygynyň internet sahypasynyň “Taryhdan bölekler“ bölüminde Çanakgala söweşlerine degişli öň görülmedik suratlary goýlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Suratlarda nähili şertlerde söweşilendigini, adamlaryň başyndan geçen kynçylyklaryny we duşmanyň goşunynyň ýagdaýyny görüp bolýar. Suratlardaky 13 ýaşyndaky meýletin türk esgeriniň we söweşde bir elini aldyran Mehmet Çawuşyň keşpleri has hem ünsüňi özüne çekýär.

“Ýeni Şafak“gazeti, “Dünýä Siriýadaky wakalary görmediksirän bolýar, BMG-nyň ady bar özi ýok“ söz başyly habarynda, Gaziantep welaýatynyň häkimi Fatma Şahiniň BMG Siriýaly bosgunlar meselesinde berýän kömeginiň ýeterlik däldigini nygtanyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Şahin guramanyň diňe adynyň bardygyny, edýän kömeginiň bolsa çäklidigini belleýär. Gazet Şahiniň: “BMG dünýäde uruşlaryň bolmazlygy üçin, adam hukuklary babatynda her kime deň derejede garalsyn diýip döredildi. BMG dünýäniň bir böleginde bir adam üçin elinden gelenini edýär, beýleki böleginde bolsa millionlarça adamyň öýünden mahrum bolmagyna we maşgalalaryň ýykylmagyna sesini çykaranok” diýendigini belleýär.

“Sabah“ gazeti, “Hýu Jekmanyň salam Türkiýe“ söz başyly habarynda, Oskar baýragyna mynasyp bolan Awstraliýaly aktýory Hýu Jekmanyň “An iwniň wiz Hýu Jakman“ atly çykyşy üçin maşgalasy bilen bilelikde Stambula gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Hýu Jekmanyň Stambulda 17-20-nji mart aralygynda “Brodweý“ şou bilen muşdaklarynyň öňünde çykyş etjekdigini, Atarürk Howa menzilinde metbugat işgärlerine “Salam Türkiýe“ diýendigini we türk baklawa datlysy barada örän köp eşidendigini we datmak isleýändigini aýdandygyna ünsi çekýär.

“Watan“ gazeti, “Eýranlylar nowruzda Türkiýä gelýär söz başyly habarynda“, Eýranyň Erzurumdaky Baş konsuly Hüseýin Ghasemi Nowruz baýramyny bellemek üçin 200 müň eýranlynyň Türkiýä geljekdigi hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Eýranda 19-njy martdan başlap Nowruz baýramy mynasybetli döwlet edaralaryna 5 gün, okuwlara bolsa 2 hepde rugsat beriljekdigi aýdylýar.
Gyşky syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Paladökendäki myhmanhanalarda 21-nji martda geljek myhmanlar üçin hemme taýýarlyklar görüldi.
Gazet Eýrandan geljek syýahatçylaryň gündiz lyžada merkezinde, gije bolsa oduň üstünden böküp wagt geçirejekdiklerini mälim edýär.

“Hürriýet“ gazeti, “ABŞ-da jedeleşige sebäp bolan tokaýlyk türk firmasy tarapyndan satyn alynar“, söz başyly habarynda Ýyldyz Entegre firmasy Demirgazyk Karolinada 100 million dollara tutýan meýdany 80 müň gektar bolan tokaýy satyn almak isleýär diýip habar berilýär.
Hofman tokaýlygy 80 ýylyň dowamynda Demirgazyk Karolina Döwlet uniwersitetiniň Tokaýçylyk fakultetine degişlidigi aýdylýar. Tokaý uniwersiteti esaslandyran Ýulius Hofman tarapyndan talyplara satyn alynypdy. Gazet uniwersitediň tokaýdan her ýyl 2 million dollar girdeýji alýandygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar