Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.02.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde uly beýan tapýar

219743
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.02.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe dünýä ýurtlaryndan 17 esse köp ýardam berdi” söz başyly habarynda Türkiýäniň ýurtlaryndaky içerki uruşdan gaçan bosgunlara dünýäniň beren ynsanperwer kömeginden 17 esse köp pul sarp edendigini ýazýar.

Gazet BMG-nyň, Türk ýarym gyzylaý we Gyzylhaç jemgyýetleriniň, Ýewropa ýurtlarynyň, halkara jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki ýurtlaryň bosgunlar üçin jemi 302 million dollarlyk kömek berendigini, Türkiýäniň beren ynsanperwer kömeginiň bolsa 5 milliard dollardan geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “TİKA-dan her ýyl 2 müň taslama” söz başyly başga bir habarynda 120 ýurda durmuşa geçirýän taslamalary bilen goldaw berýän Türk hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullugy TİKA-nyň diline, dinine we kowmyna seretmezden kömege mätäç ýurtlara kömek bermäge dowam edýändigini habar berýär.
Gazet üstümizdäki ýyl dünýäniň dürli künjeginde täze 10 merkez açmagy meýilleşdirýän TİKA-nyň her ýyl 2 müňden gowrak taslamany durmuşa geçirýändigini, esasan hem oba hojalyk we bilim pudagyna uly ähmiýet berýändigini ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti “Dünýäniň 1 ýyllyk ätiýajyna barabar täze kömür känini tapdyk” söz başyly habarynda Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Türkiýäniň soňky 11 ýylda 11 ýerde täze kömür känini tapandyklary hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet ministr Taner Ýyldyzyň “Türkiýede 7 milliard tonna golaý täze kömür käni tapyldy. 7 milliard tonna dünýäniň 1 ýylda ulanýan kömüriniň mukdaryna deň” diýen sözlerine ünsi çekýär.


“Watan” gazeti “Forda türk goly” söz başyly habarynda ýewropaly müşderileri üçin öndüriljek Ford ulaglarynyň täze modeliniň grafikasynyň Murat Güleriň ýolbaşçylygynda taýarlanjakdygyny ýazýar.
Gazet Murat Güleriň Ford Ýewropanyň grafika müdüri hökmünde bellenendigini nygtaýar.


“Sabah” gazeti “İşçi partiýasynyň ady Watan” boldy” söz başyly habarynda İşçi partiýasynyň adynyň düýn Ankarada geçirlen gurultaýynda “Watan” partiýasy hökmüne üýtgedilendigini habar berýär.


“Star” gazeti “ÝUNESKO üçin işe girişildi” söz başyly habarynda Apollon ybadathanasy, İlýas beý kompleksi we Milet taryhy meýdançasyny öz içine alýan Egeýiň taryhy we syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Aýdyn welaýatynyň Didim etrabynyň ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna alynmagy üçin işe girişilendigini ýazýar.
Gazet ýokarda ady agzalýan üç eseriň ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna alynmagy üçin Didimiň söwda birleşmesiniň ÝUNESKO ýüz tutandygyny belleýär.


 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar