Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.02.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

211323
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.02.2015

“Milliýet” gazeti “Asýa bankda täze döwür” söz başyly habarynda Bankçylyk gözegçilik geňeşiniň şariklik gurluşy we aç-açan bolmandygy sebäpli Asýa bankyň gymmatly kagyzlarynyň 63 göteriminiň ätiýaçlandyryş gaznasynyň hasabyna geçirilmegi barada karar kabul edendigini ýazýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýä Türkiýaniň üstünligine göz ýetirer” söz başyly habarynda 2016-njy ýylda Stambulyň ýer eýeçiliginde geçiriljek “Bütin dünýä ynsanperwer kömek” maslahatlarynyň Wengriýada başlandyğyny habar berýär.
Gazet “Bütin dünýä ynsanperwer kömek” maslahatlarynyň Baş sekretary Dr. Jamilah Mahmoodyň Siriýa krizisi meselesinde Türkiýaniň edýan tagallalary barada öwgüli sözler aýdandygyny nygtaýar.
Gazet Mahmoodyň “Türkiýäniň ynsanperwer kömek meselesindäki tejribelerini gördük. Stambul maslahaty bilen birlikde bütin dünýä Türkiýäniň üstünlik hekaýasyna göz ýetirer” diýen sözlerini ýatladýar.


“Watan” gazeti “Araplar Türkiýä maýa goýmaga dowam edýär” söz başyly habarynda geçen ýyl daşary ýurtlylaryň, esasan hem araplaryň Türkiýede 8 million inedördil metrlik elmak satyn alandygyny ýazýar.


“Star” gazeti türk inženerleri tarapyndan gurlan Deňiz güýçleriniň ýokary tehnalogiýa gämisiniň Saud Arabystanynyň ünsüni özüne çekýändigini habar berýär.
Gazet Pars aýlag ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmak maksady bilen sebitde ýerleşýän ýurtlaryň deňiz güýçleri bilen harby talim we harby operasiýa işlerini alyp barçak gäminiň, şol bir wagtda garakçylara garşy göreşjekdigini belleýär.
Gazet gäminiň Saud Arabystanyndan soň Kuweýde we Pakistana barjakdygyny nygtaýar.


“Habar Türk” gazeti “Türk alymlarynyn tolgundyryjy açyşy” söz başyly habarynda Uşak uniwersitetinde wulkaniki eňňitden peýdalanylyp, rak keseline sebäp bolan zyýanly günüň 98 göterimini süzýän matanyň oýlanyp tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet matanyň perden saýawana we egin eşige çenli birnäçe ugurda peýdalanyljakdygyny ýatladýar.


“Ýeni Şafak” gazeti gyşky syýahatçylaryň esasy merkezi hasaplanylýan Uludagda fewral aýynyň 4-10-i aralygynda Türkiýäniň ilkinji gar bäsleşiginiň geçiriljekdigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar