Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.01.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

174533
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.01.2015

“Star” gazeti “Dawutogly: Flotumyz Ýuwaş ummana gidýär” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň ykdysadyýet ministrliginde geçirilen “Söwda wekilleriniň 3-nji maslahatynda” sözlän sözünde Latyn Amerikanyň söwda wekillerine geografik alyslyk sebäpli umytlaryny ýitirmeli däldiklerini nygtap “Geçen ýylyň özünde türk floty 28 porta baryp, dostluk saparyny amala aşyrdy. Şu ýyl hem ýörite meýilnamalar arkaly dostlugymyzy berçinleşdireris. Şu ýyl türk floty Hindi ummanyna, Aziýa we Ýuwaş ummana, Ýaponiýa barar” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Nebit göreşinde ýeňenler we ýeňilenler” söz başyly habarynda, 2014-nji ýylyň başynda 110 dollara barabar bolan nebitiň nyrhynyň 55 dollardan aşak düşmeginiň ykdysady taýdan nebite garaşly bolan Russiýa bilen Eýrana agyr täsir ýetirýändigine ünsleri çekýär. Gazet nebitiň hyrhyna esaslanýan göreşde Russiýa-Eýran blogynyň garşysynda Amerika-Saud Arabystany hyzmatdaşlygynyň bardygyny ýazýar. Habarda nebitiň nyrhynyň aşaklamagy sebäpli býujetiniň girdejisiniň ýarysyna golaýyny tebigy gazdan we nebitden alýan Russiýa bilen Eýranyň çykgynsyz ýagdaýa düşendigi, muňa garamazdan ABŞ, Ýewropa we Türkiýe bilen birlikde köp sanly ýurduň ykdysady taýdan rahatlanandygy nygtalýar.
“Akşam” gazeti “Tälim ber-üpjün et taslamasynyň durmuşa geçiriljek wagty belli boldy” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasnda Tälim ber-üpjün et taslamasynyň” teswirnamasyna üstümizdäki aýyň dowamynda gol çekişiljekdigini, şol çäkde siriýaly oppozisionerleriň tälim möhletiniň üç ýyl boljakdygy, tälim beriljekleriň sanynyň bolsa 15 müň adama barbardygy mälim edilýär.
“Milliýet” gazeti “Russiýanyň Türkiýeden et importy 6 esse artdy” söz başyly habarynda “Ria Nowosti” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Russiýa Federasiýasynyň awgust aýyndan bäri Türkiýeden edýän et we et önümleriniň importynyň 6 esse artandygyna ünsleri çekýär. Gazet şol döwürde balyk we balyk önümleriniň eksportynyň 2 esse artandygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti “Awtomobil pudagy aýallara amanat” söz başyly habarynda, erkekleriň gözegçiligindäki awtomobil pudagynda zenan ýolbaşçylaryň sanynyň artýandygyna ünsi çekip, türk awtomobil pudagynyň million dollarlyk býujetini zenan ýolbaşçylaryň dolandyrjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar