Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.12.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

165693
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.12.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk baýdagy 5 kontinentde pasyrdaýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň global gymmatlyk zynjyryndan alýan paýynyň artýandygy, türk firmalarynyň we firmalar toplumlarynyň daşary ýurtlardaky maýa goýumlarynyň 5 kontinentde 63 ýurtda dowam edýändigini ýazýar. Gazet türk maýadarlary üçin täze bazarlara girip, täze müşdelere eýe bolmaklygyň iň başlangyç maýa goýum motiwasiýasy hökmünde ünsleri çekýändigini, Yrak, Russiýa, Hindistan we Hytaý ýaly ýurtlaryň maýa goýumda öňe saýlanýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Maýa goýumda türk bahary” söz başyly habarynda, 2014-nji ýylda 11 firma, 5 milliard 147 million dollarlyk firma satyn alynandygyny ýa-da birleşendigini mälim edýär. Habarda şeýlelikde ozalky ýyllarda 2,5 milliard dollara ýeten mukdaryň şu ýyl iki esse artandygy nygtalýar. Gazet 2014-nji ýylda Türkiýä goýlan daşary ýurt maýa goýumlarynda uly artyşyň bolandygyny, daşary ýurtlylaryň Türkiýede 5,2 milliard dollarlyk firma satyn alandyklaryny ýazýar.
“Milliýet” gazeti “Türk işewürlerine 30 milliard dollarlyk pursat” söz başyly habarynda, Yragyň täzeden dikeldilmegi üçin 30 milliard dollarlyk serişdäniň bölünip berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şol mukdaryň esasy bölegini türk maýadarlarynyň almagyna garaşýandygy, türk gurluşyk pudagynyň öz mynasyp goşandygyny goşmagyna garaşýandyklaryny aýdan ykdysadyýet ministr Nihat Zeýbekçiniň Yrakda 30 milliard dollaryň infrastruktura üçin bölünip berilendigini, onuň esasy böleginiň türk işewür adamlary tarapyndan ýerine ýetirilip bilinjekdigini aýdandygyny mälim edýär.
“Akşam” gazeti “İň howpsyz howaýoly kompaniýalarynda türkler başda durýar” söz başyly habarynda, “soňky gezek başdan geçirilen “AirAsia” apatyndan soň uçar heläkçiliklerinde 924 adamyň ýogalan ýyly bolan 2014, 2005-nji ýyldan bäri iň pajygaly ýyl hökmünde taryha geçdi” diýip ýazýar. Gazet türk howaýoly kompaniýalarynyň bolsa geçirilen barlaga görä dünýäniň iň howpsyz firmalarynyň hatarynda orun alýandygyna ünsleri çekýär.
“Haber Türk” gazeti “12 ýaşynda İspaniýany özüne haýran galdyran türk” söz başyly habarynda, İspaniýada 12 ýaşly türk futbolçysy Ferhat Çogalanyň ünsleri özünde jemländigini mälim edýär. Habarda ýurtda 9-njy gezek geçirilýän Halkara çagalar çempionadynyň finalynda Walensianyň Atletiko Madridi 3-1 hasabynda ýeňendigini, 12 ýaşly türk futbolçysynyň geçiren ajaýyp gollary bilen çempionlyga eýe bolandygy nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar